Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Erdogan S-400 ulgamynyň 2020-nji ýylyň apreline çenli ornaşdyryljakdygyny aýtdy

0
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Russiýanyň S-400 raketa goranyş ulgamynyň 2020-nji ýylyň aprelinde doly ornaşdyryljakdygyny aýtdy.


Türkiýäniň rus ulgamyny satyn almagy, onuň NATO ýaranlary, hususanda ABŞ bilen dartgynlylyklaryny artdyrdy. Waşington Ankaranyň bu ädimine sanksiýalar bilen jogap berjekdigini duýdurypdy.


Erdogan 2016-njy ýyldaky başa barmadyk harby agdarylyşygyň üçünji ýyl dönümine gabatlap 15-nji iýulda eden çykyşynda eýýäm sekiz uçar bilen rus ulgamynyň bölekleriniň gelendigini we ýene gelmegine garaşylýandygyny aýtdy.


“Nesip bolsa, olar 2020-nji ýlyň apreline çenli öz ýerlerinde ornaşdyrylar” diýip, Erdogan çykyş etdi.


Waşington Ankaranyň bu ädimine jogap hökmünde, onuň geljekki nesil F-35 söweş uçarlaryny satyn almakdan hem mahrum edilip bilinjekdigini aýdypdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса