Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Kazanyň mekdep direktory tatar dili boýunça ECHR-e ýüz tutdy

0
Russiýanyň Tatarystan regionynyň şahsy mekdepleriniň biriniň direktory rus federal resmileri tarapyndan sebitiň mekdeplerinde tatar diline girizilen bölekleýin gadagançylyga garşy Adam Hukuklary boýunça Ýewropanyň Suduna (ECHR) arza bilen ýüz tutdy.


2017-nji ýylda Russiýanyň Bilim ministrligi tatar kanunçykaryjylaryna her gün mejbury bolan tatar dili sapaklaryny meýletin sapaklar bilen çalyşmak, şeýle-de olary hepdede iki sagada çenli getirmek barada görkezme beripdi.


Bu ädim Tatarystanda we rus dili bilen birlikde ýerli dilleriň hem resmi dil hasaplanýan regionlarynda nägilelik bilen garşylandy.


Pawel Şmakow 15-nji iýulda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde rus resmileriniň etniki tatarlaryň bilim almak hukugyny bozýandyklaryny aýtdy.


Etniki rus Şmakow Moskwanyň ýerli dilli regionlarda mejbury dil sapaklaryny ýatyrmak tagallalaryna garşy çykyp gelýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса