Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Pakistanyň tire sebitinde ilkinji umumy saýlawlar geçirilýär

0
Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky tire sebitinde owalda-ahyrda ilkinji welaýat saýlawlary geçirilýär. Owgan serhediniň boýunda ýerleşýän sebit bir zaman yslamçy jeňçi toparlaryň kontrollygynda bolupdy.


20-nji iýulda, ýerli wagt bilen ir sagat 8-de, howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýokarlandyrylmagy bilen başlanan ses berişlikde welaýat geňeşi üçin ses bermäge 3 milliona golaý adamyň gatnaşmak hukugy bar.


Ýedi sany tire etrabyndan ybarat bolan sebit geçen ýyl demirgazyk-günbatardaky Khyber Pakhtunkhwa welaýatyna birikdirildi. Mundan öň saýlawçylar diňe milli geňeş üçin ses berip bilýärdiler.


Welaýat saýlaw toparynyň sözçüsi Sohail Khan 285 kandidatyň, şol sanda iki aýalyň welaýat geňeşindäki 16 orun ugrunda dalaş edýändigini aýtdy.


Pakistan soňky ýyllarda geçiren harby operasiýalary netijesinde bu sebiti jeňçilerden saplandygyny aýdýar, emma bu sebit şindi hem käte hüjüm bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 


Saýlaw komissiýasynyň sözçüsi Altaf Khan 1,897 saýlaw uçastogynyň ählisinde goşun esgerleriniň ýerleşdirilendigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса