Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Eýran britan baýdakly tankerde saklanana 23 adamyň sag-gurgundygyny aýdýar

0
Eýran 21-nji iýulda britan baýdakly “Stena Impero” tankerinde tussag edilen ekipaž agzalarynyň ählisiniň, ýagny 23-siniň hem “saglygynyň we hal-ahwalynyň gowudygyny” aýdy.


London bu tankeriň tussag edilmegini ýazgaryp, onuň Omanyň territoriýal suwlarynda, kanuny esaslarda hereket edendigini aýtdy.


"Gäminiň üstündäki ekipaž agzalarynyň hemmesi, 23-si-de Bandar Abbas portunda sag-gurgun" diýip, Eýranyň Hormozgan welaýatyndaky Portlar we deňiz guramasynyň başlygy Allahmorad Afifipourm döwlet telewideniýesine aýtdy.


London Eýranyň 19-njy iýulda nebit tankerini tussag etmegini “duşmançylykly akt” hökmünde ýazgardy we Tähranyň ol gäminiň bir hadysa bilen baglylykda saklanandygy baradaky düşündirişini ret etdi.


Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusy 20-nji iýulda bir wideo çap edip, öz çalt ýüzýän gämileriniň tankeriň gapdalyna barşyny, soňra ýüzi perdeli esgerleriň gäminiň bortuna dikuçardan düşüşlerini görkezdi.


Dünýäniň iň möhüm ýük ýollarynyň biri bolan Hormuz bogazynyň içindäki we töweregindäki soňky wakalar Tähran bilen günbataryň arasyndaky dartgynlyklary täzebelentliklere galdyryp, ýaragly konflikt, dünýäde nebit bahalarynyň gymmatlamak we ýük daşamagyň ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň ýokarlanmak howsalalaryny güýçlendirdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса