Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Eýran CIA-iň içaly halkasy diýilýän bilen ilteşikli 17 şübheliniň tussag edilendigini aýtdy

0
Eýranyň häkimiýetleri ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň CIA-iň, ýagny ABŞ-nyň Merkezi derňew agentliginiň içaly halkasyny ýok edenden soňra, 17 şübhelini tussag edendigini we olaryň käbiriniň ölüm jezasyna höküm edilendigini aýdýarlar.


Eýranyň Aňtaw ministrliginiň 22-nji iýulda beren maglumatyna görä, 18-nji iýulda Eýranyň howpsuzlyk gulluklary, olaryň sözüne görä, CIA-iň “içaly ulgamyny üstünlikli ýok etdi”.


“Käbirleri ölüm jezasyna, käbirleri-de uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi” diýip, ministrligiň ady köpçülige mälim edilmeýän bir resmisi aýtdy.


“Bu içalylar hususy pudagyň ykdysadyýet, ýadro, infrastruktura, harby we kiber ýaly täsirli we örän möhüm merkezlerinde işleýärdiler... Olar bu ýerde gizlin maglumatlary ýygnaýardylar” diýlip, Eýranyň Aňtaw ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса