Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

ABŞ-nyň öňki ýörite prokurory Trampy aklamaýandygyny aýtdy

0
Orsýetiň 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagy boýunça geçirilýän derňewlere ýolbaşçylyk eden Robert Mueller anyklan netijeleriniň prezident Donald Trampy jenaýatlardan boşatmaýandygyny Kongresse tassyklady. 


Öňki ýörite prokuror Mueller 24-nji iýulda eden köpden bäri garaşylýan çykyşynda prezidentiň wezipesini terk edensoň, oňa päsgelçilik döretmekde aýyplama bildirilip bilinjekdigini aýtdy. Muelleriň çykyşy Trampyň 2020-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna kampanýa geçirýän wagtyna gabat geldi. 


Mueller Wekiller öýüniň Ýustisiýa komitetiniň öňünde eden çykyşynda “Ýok. Prezident aklanmady" diýdi. Muelleriň bu aýdanlary Demokratik partiýasynyň kanun çykaryjylarynyň onuň Trampy "doly" aklap-aklamaýandygy hakynda beren soragyna jogap boldy. 


Demokratik kanun çykaryjylaryň Trampyň derňewlere päsgel bermekde wezipesinden çekilmeginden soň aýyplanyp biljegi hakykatmy diýip, berlen sowalyna Mueller "hakykat" diýiň jogap berdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса