Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Türkmen lideri Boris Jonsony Britaniýanyň premýer-ministri wezipesine girişmegi bilen gutlady

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Boris Jonsony Britaniýanyň premýer-ministri wezipesine girişmegi bilen gutlady diýip, TDH 25-nji iýulda habar berdi.


Türkmen lideri gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.


Şeýle-de ol Boris Jonsona berk jan saglyk, işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.


Prezident Berdimuhamedow 15-nji iýuldan bäri dynç alýar, emma muňa garamazdan, TDH onuň gutlaglaryny we kararlaryny çap edýär.


24-nji iýunda bolsa, 20-21-nji iýulda rus mediasynda ýaýran ölüm gürrüňlerinden soň, türkmen telewideniýesi Berdimuhamedowyň şäher gurluşyk taslamalaryny görmäge gelendigini görkezdi. 


Halkara habar serişdelerinde Berdimuhamedowyň dynç alyşda ölendigi barada ýaýran gürrüňler hakynda şindi hem gürrüň edilýär.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса