Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Owganystanda “Talyban” azyndan üç sany polisiýa ofiserini öldürdi

0
Owganystanda “Talybanyň” gurnan kast ediş hüjüminde azyndan üç sany polisiýa ofiseri öldürildi, 12-si bolsa ýaralandy.


Polisiýanyň sözçüsi 27-nji iýulda janyndan geçen hüjümçiniň günorta-gündogardaky Gazni welaýatynda polisiýanyň baş edarasyny nyşana alandygyny aýtdy.


Ol bu welaýatyň köp ýerine kontrollyk edýän “Talybanyň” Ab Band etrabyna hüjüm etmek üçin ogurlanan “Humvee” harby maşynyny ulanandygyny aýtdy.


“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid partlamanyň jogapkäriligini öz üstlerine aldy.


25-nji iýulda üç welaýatda, şol sanda paýtagt Kabulda “Talyban” we “Yslam döwleti” ekstremist toparlarynyň ikisi tarapyndan hem jogapkärçiligi alnan hüjümlerde 50-den gowrak adam öldi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса