Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Aktiwist zenan owgan aýallarynyň ýurduň geljeginde ornunyň bolmalydygyny aýdýar

0
Owgan zenanlarynyň hak-hukuklary ugrunda göreşýän aktiwist Jamila Afghani “Talyban” bilen baglaşyljak islendik parahatçylyk ylalaşygynda öz ýurdunyň aýal-gyzlarynyň hem özlerine dahylly kararlar boýunça pikiriniň diňlenmelidigini, olaryň aladalarynyň nazara alynmalydygyny aýtdy.


“Owgan aýallary özlerine dahylly kararlaryň kabul edilmegine doly manysynda gatnaşyp bilmeli” diýip, ol BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 26-njy iýuldaky ýygnanyşygynda, Kabuldan wideo aragatnaşygy arkaly eden çykyşynda aýtdy. 


Afghani Howpsuzlyk geňeşini dürli gatlaklardan bolan owgan aýallarynyň parahatçylyk gepleşiklerine çekilmegi, şol sanda olara islendik gepleşikde gepleşikçi we dini lider rollarynyň berilmegi üçin anyk düzgünleri üpjün etmäge çagyrdy. 


Birleşen Ştatlar “Talyban” jeňçi toparyny Kabuldaky owgan hökümeti bilen gepleşiklere getirmek ugrunda edilýän tagallanyň öňüni çekýär.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса