Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Eýran Pars Aýlygyna ikinji britan harby gämisiniň gelmegine protest bildirdi

0
Britaniýanyň ikinji harby gämisi Pars Aýlygyna geldi. Bu aralykda, Eýran Britaniýanyň Ýewropanyň ýolbaşçylygynda sebitdäki tankerleriň ýany bilen ýüzjek deňiz missiýasyny esaslandyrmak teklibini “prowokasiýa” atlandyrdy.


Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň beren maglumatyna görä, HMS Dunkan esminsi, “Britaniýanyň baýdagy astynda hereket edýän gämileriň howpsuz geçişini goldamak üçin” – HMS Montrose frigatyna goşulypdyr.


Eýran hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabieli Britaniýanyň Ýewropanyň gämilerini Pars aýlygyna ugratmak meýilleriniň “duşmançylykly häsiýete eýedigini” aýtdy.


Britaniýa bu teklibiň 19-njy iýulda Eýranyň Britaniýanyň baýdagy astyndaky nebit tankerini ele geçirmegine jogap hökmünde edilendigini aýtdy.


Mundan iki hepde ozal, britan resmileri Gibraltaryň suw territoriýalarynda eýran tankerini – Ýewropa Bileleşiginiň Siriýa garşy girizen sanksiýalaryny bozmakda aýyplap – ele geçiripdi.


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo hem sebitdäki “hereket azatlygyny kepillendirmek üçin” Aýlyga has köp harby gämileriň ugradylmagyna çagyryş edipdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса