Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Braziliýanyň türmesinde dörän gozgalaňda azyndan 57 adam öldi

0
Braziliýanyň türmesinde dörän gozgalaňda azyndan 57 adam öldi. Bu gozgalaň bäsdeş toparlaryň özarasynda çaknyşmagy netijesinde döräp, çaknyşyk birnäçe sagat dowam etdi diýip, resmiler aýdýarlar.


29-njy iýulda Braziliýanyň demirgazygyndaky Para ştatynda ýerleşýän Altamira türmesiniň bir blogyndaky banda agzalary beýleki blokdakylaryň üstüne çozuş etdiler.


Resmiler ölenleriň 16 sanysynyň kellesiniň çapylandygyny aýdýarlar. Ölenleriň galan böleginiň türmäniň bir bölegi otlanan mahalynda demigip heläk bolandygy bellenilýär.


Braziliýanyň tussaglardan köplenç dolýan türmelerinde bäsdeş toparlaryň arasynda gozgalaňlar we çaknyşyklar ýygy-ýygydan amala aşýar.


Şu ýylyň maý aýynda Braziliýanyň Amazonas ştatyndaky birnäçe türmede amala aşyrylan ençeme gozgalaňda 55 sany tussag heläk boldy.


Braziliýa türmedäki tussaglarynyň sany boýunça dünýäde iň öňdäki orunlarda ýerleşdirilýär. Bu ýurtdaky tussaglaryň sany ortaça 700 müňe barabar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса