Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Nawalny üçin protest planlaşdyrylmady, emma polisiýa tutda-baslygy dowam edýär

0
Rus häkimiýetleri türmä basylan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň tarapdarlaryny tussag etmegini dowam etdirdi we, hökümete garşy hiç hili ýöriş planlaşdyrylmadyk hem bolsa,  ýurduň ikinji uly şäheriniň merkezini ýapdy. 


Sankt-Peterburgyň merkezine eltýän ýollary petiklemek üçin 6-njy fewralda gar aýrylýan  enjamlar ulanyldy, bu ýerde soňky iki dynç gününde Nawalnynyň tussag edilmegine garşy uly ýörişler geçirilipdi. 


Polisiýa oppozisiýa tarapdarlaryna garşy 30 reýd geçirilendigini aýtdy. 


Şeýle-de,  polisiýanyň 6-njy fewralda Wladiwostokda, ozalky protest çäreleri bilen baglanyşykly, birnäçe aktiwistiň, oppozisiýa syýasatçysynyň we žurnalistiň öýlerine reýd geçirendigi habar berildi. 


Tanymal kreml tankytçysy Alekseý Nawalny 17-nji ýanwarda Russiýa gaýdyp gelenden soň tussag edildi we, prezident Wladimir Putiniň buýrugy bilen zäherlenendigini aýdýan oppozisiýa syýasatçysynyň hem-de korrupsiýa garşy göreşijiniň goldawyna, onuň azat edilmegini talap edip, ýurduň ýüzden gowrak şäherinde protest çäreleri gurnaldy. 


23-nji we 31-nji ýanwarda hökümete garşy geçirilen demonstrasiýalarda 10,000-den gowrak demonstrant tussag edilenden soň, Nawalnynyň ýakyn kömekçisi täze protest çäreleriniň geçirilmegine çagyrmakdan saklandy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса