Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Täjigistan hökümete garşy çykyş edýänlere basyşyny artdyrdy

0
Täjigistanyň häkimiýetleri soňky hepdelerde ýurduň içinde we daşynda hökümete garşy çykýanlara edilýän basyşyny artdyrdy. Birnäçe aktiwist, hökümet tankytçylary we gadagan edilen oppozisiýa toparlaryny goldaýanlar diýlip güman edilýänler tussag edildi.


Hökümet resmileriniň aýtmagyna görä, diňe ýanwar aýynda daşary ýurtlarda ýerleşýän Täjigistanyň oppozisiýa toparlary bilen "hyzmatdaşlyk edendigi" üçin 10 adam tussag edilipdir.


Baş prokuror Ýusuf Rahmon tussag edilenleriň "daşary ýurtlardaky agitatorlara "ýalan" maglumat berendigini, bu hökümeti tankytlaýandygyny we ýurdy durnuksyzlaşdyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.


Täjik resmileri "agitatorlar" diýlen häsiýetlendirmäni köplenç gadagan edilen iki sany oppozisiýa hereketiniň, ýagny "Topar-24" we "Täjigistanyň Yslam Galkynyş Partiýasynyň" (IRPT) agzalaryny suratlandyrmak üçin ulanýarlar.


2014-nji we 2015-nji ýyllarda Duşanbe iki topary terror guramasy diýip yglan edeninden bäri, ýüzlerçe oppozisiýa agzasy we olaryň tarapdarlary daşary ýurtlardan gaçybatalga soramaga mejbur boldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса