Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Özbegistan COVID-19 garşy köpçülikleýin waksinasiýa başlaýar

0
Özbegistan COVID-19 garşy köpçülikleýin waksinasiýa başlaýar

Özbegistanyň saglygy goraýyş edaralary 1-nji aprelde COVID-19 garşy köpçülikleýin waksina kampaniýalaryna başlady. Paýtagtyň hem-de sebit paýtagtlarynyň ýaşaýjylaryna ilkinji bolup sanjym edilýär. 

Saglyk ministrligi etrap merkezleriniň hem-de kiçi ilatly nokatlaryň ýaşaýjylaryna 1-nji maýdan başlap sanjym ediljekdigini Telegram arkaly  habar berdi. Çetki sebitlerde waksinasiýa işleri iýunda başlanar. 

Ministrlik koronawirusdan goranmak üçin ýurduň 32 million ilatynyň arasynda ilkibaşda britan-şwed “Vaxzevria” (öň AstraZeneca diýlip tanalýan) hem-de hytaý-özbek ZF-UZ-VAC 2001 waksinalarynyň ulanyljakdygyny aýtdy. 

Ilkibaşda 65 ýaşdan ýokary adamlara, saglyk işgärlerine, hroniki keselli adamlara, çagalar baglarynyň we mekdepleriň mugallymlaryna hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine sanjym ediler. 

Resmi beýanat “sanjym meýilnamalary üçin ýurt boýunça 3138 sanjym merkeziniň we 862 göçme saglyk nokadynyň gurulandygyny hem-de sanjym işlerine 4000-den gowrak lukmanyň we 11000-den gowrak şepagat uýasynyň gatnaşýandygyny” aýtdy.

1-nji aprele çenli Özbegistanda 83,050 koronawirus hadysasy resmi taýdan hasaba alyndy we 630 adam bu kesel bilen aradan çykdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Новак Джокович

Джоковичу разбили голову бутылкой после матча. Видео






Планов было громадье — чем запомнился Дегтярёв хабаровчанам (ПЕРЕКЛИЧКА)

В РПЛ сменился лидер турнирной таблицы

"Вы теперь мой друг на всю жизнь. Я видел, как вы стреляете". Делегация Гвинеи-Бисау посетила Чечню

«Динамо» — русский «Байер»! Москвичи забили в Калининграде на 93-й и 99-й минутах и открыли себе дорогу к чемпионству