Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2021

Новости за 31.03.2021

Global markalar türkmen pagtasyndan el çekmäge çagyrylýar

Azathabar.com 

Täze hasabat Türkmenistanda geçen ýylyň pagta hasylynda mejbury zähmetden yzygiderli peýdalanylandygyny äşgär edensoň, düýbi Britaniýada ýerleşýän Etiki söwda başlangyjy (ETI) garaşsyz guramasy global moda markalaryny Türkmenistandan pagta almagy bes etmäge çagyrdy. Bu barada ecotextile.com neşiri habar berdi. Hökümete dahylsyz iki gurama – Turkmen.news hem-de Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy golaýda Türkmenistanda 2020-nji ýylda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetiň ulanylyşy barada hasabat çap etdi. Читать дальше...

ABŞ hasabaty: Dünýäde adam hukuklary boýunça meýiller 'nädogry ugura tarap barýar'

Azathabar.com 

ABŞ-nyň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan hasabaty köp sanly ýurtlarda, şol sanda demokratiýa tarapdar parahat protestçilere garşy rehimsiz güýç ulanan Belarusda we oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň nyşanan alnan ýurdy Russiýada adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny aýdýar. ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 30-njy martda geçiren metbugat ýygnagynda şol ýurtlarda we beýleki ýurtlarda “adam hukuklary boýunça meýilleriň nädogry tarapa hereket etmäge dowam edýändigini” aýtdy. Читать дальше...

BMG wekili täze gyrgyz prezidentini ynsan hukuklarynyň dialogy üçin  bilelikdäki edarany döretmäge çagyrýar

Azathabar.com 

BMG-niň baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Natalýa German gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparowa BMG-Gyrgyzystan Adam hukuklary dialogynyň döredilmegini teklip etdi. Bu zerur maglumatlaryň hem-de ekspert goldawynyň öz wagtynda üpjün edilmegine ýardam berer. Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugyna görä, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň baştutany hem bolan German 30-njy martda Bişkekde Žaparow bilen gepleşik geçirdi. Taraplar, oktýabryň... Читать дальше...

Birnäçe ýurt COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşy bilen bagly barlaglar boýunça alada beýan edýär

Azathabar.com 

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) barlagçylary ýokanjyň gelip çykyşy boýunça hytaý hünärmenleri bilen geçiren barlaglarynyň netijelerini çap edenden soňra, ABŞ we ýene 13 ýurt Hytaýy keseliň asyl döreýşi baradaky ähli maglumatlara “doly elýeterliligi” üpjün etmäge çagyrdy. Ýurtlar barlaglar boýunça “umumy alada” beýan etdiler we beýannamada COVID-19 pandemiýasynyň gelip çykyşynyň "päsgelçiliksiz we bikanun täsirlerden azat" aç-açan we garaşsyz derňelmegini goldaýandyklaryny mälim etdiler. Şeýle-de... Читать дальше...

ABŞ-nyň ýyllyk hasabaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň meselelerine üns çekýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça çap eden soňky hasabaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenmegine üns çekýär. Döwlet departamentiniň 2020-nji ýyl üçin çap eden hasabaty Türkmenistanda hökümeti tankytlaýan adamlaryň watana dönüklikden tussag edilmek ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz galýandygyny aýdýar. Hasabatda Türkmenistanda bar bolan adam hukuklarynyň möhüm meselelerine, şol sanda polisiýa we türme resmileriniň adam gynamalary, adam ömrüne howp abandyrýan türme şertleri, syýasy tussaglar... Читать дальше...

Braziliýa rekord COVID-19 ölüm sanlary barada habar berýär, Germaniýa “AstraZeneca” sanjymynyň ulanylmagyny çäklendirýär

Azathabar.com 

Braziliýa 30-njy martda COVID-19 ölüm sanlary boýunça ýene bir rekord goýup, gündelik 3780 ölüm hasaba aldy. Ýokanjyň agyr ikinji tolkuny ýurda zyýan ýetirýär. Latyn Amerikasyndaky bu ýurt häzirki wagtda dünýädäki gündelik koronawirus ölümleriniň dörtden bir bölegini düzýär. Braziliýada 317646 adam koronawirusdan aradan çykdy we bu ýurt ABŞ-dan soň dünýäde COVID-19 ölümleriniň sany boýunça ikinji ýerde durýar.   Wirusyň P1 diýip tanalýan we örän ýokanç hem-de ilkinji gezek Braziliýada ýüze çykan... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Прямая трансляция матчей Рыбакиной и Путинцевой за выход в 1/8 финала турнира в Мадриде






Певец Киркоров выпустил наушники в виде красной помады за 4600 рублей

После схода снега в Подмосковье нашли около десятка БПЛА

Пассажиры «Мострансавто» более 2 млн раз проехались до аэропортов с начала года

Заместитель прокурора Брянской области и бизнес-омбудсмен провели встречу с предпринимателями Бежицкого района