Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Russiýa Nikuliniň ABŞ-a ekstradisiýa edilmegine ‘nägilelik bildirdi’

0
Russiýa orsýetli hakkerdigi aýdylýan raýatyň Çehiýa respublikasyndan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmegi barada ýakynda kabul edilen kararyň, Moskwa bilen Praganyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara “zeper ýetirmäge” gönükdirilendigini aýdýar.


Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň 2-nji aprelde ýaýradan beýanatynda Moskwa Ýewgeniý Nikuliniň ekstradisiýa edilmegine “nägilelik bildirýär” diýilýär. Internet maglumatlaryny ogurlandygy aýdylýan Nikulin hem Russiýa, hem-de Birleşen Ştatlar tarapyndan gözlenilýärdi.


Ministrlik öz maglumatynda ekstradisiýany “ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konstruktiw esasyna zeper ýetirmäge gönükdirilen bilkastlaýyn we syýasy maksatly ädim” diýip häsiýetlendirýär. Şeýle-de, Moskwanyň Nikuliniň bähbitlerini goramak üçin “ähli zerur çäreleri” görjekdigi bellenilýär.


30-njy martda ABŞ-nyň San Fransiskodaky sudunda kompýuterlere zorluk bilen girmekde we şahsy maglumatlary ogurlamakda aýyplanýan Nikulin özüniň günäsizdigini aýtdy.


29 ýaşly Nikulin Birleşen Ştatlarda 2012-2013-nji ýyllarda LinkedIn we Dropbox ýaly uly internet kompaniýalaryna hakker hüjümini amala aşyrmakda aýyplanýar. Nikulin günäli tapylsa, onda ol 30 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса