Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 16.04.2018

Çüli jülgesine bahar geldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtyndan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän meşhur dynç alyş zolagy - Çüli jülgesi Aşgabadyň Arçabil etrabyna degişli. Häzirki wagtda bu ýerde ýaşaýyş nokatlar ýok, ýerli ilat 2000-nji ýyllaryň başynda bu ýerden göçürilipdi. Çülide ýaşaýyş jaýlaryň ýerine döwlete degişli toplumlar guruldy. Çüli zolagynda pudaklara degişli dynç alyş merkezler we çagalaryň dynç alyş öýleri ýerleşýär.

Ahalda ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagynyň täze tapgyry başlanýar

Azathabar.com 

Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinden 23 kilometr ýokarda, dag içinde ýerleşýän ozalky Kalinin, häzirki ady Bagabat şäherçesiniň hem-de Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Manyş obasynyň ilatynyň ýaşap oturan jaýlarynyň häkimiýetler tarapyndan ýumrulmagyna garaşylýar.

Beýik Britaniýa: Himiki ýaraglaryň gözegçileriniň Duma barmagyna rugsat berilmedi

Azathabar.com 

Himiki ýaraglaryň gözegçilerine Siriýanyň Duma şäherine edilendigi güman edilýän himiki hüjümiň bolan ýerine barmaga häzirlikçe rugsat berilmedi diýip, 16-njy aprelde Himiki ýaraglary gadagan edýän guramadaky (OPCW) britan delegasiýasy aýtdy. Bütindünýä Saglyk guramasy 7-nji aprelde Damaskyň golaýyndaky Duma şäherine edilendigi güman edilýän himiki hüjümde ölen 43 adamyň “güýçli zäherleýji himiki maddalaryň täsiri bilen bagly simptomlardan” ejir çekendigini mälim etdi. Muňa gaýtawul edip, 14-nji aprelde Birleşen Ştatlar... Читать дальше...

Gazak aktiwisti şertli görnüşde tussaglykdan boşadylýar

Azathabar.com 

Gazagystanyň sudy 2016-njy ýylda hökümetiň ýeri hususylaşdyrmak planyna garşy geçirilen protestlerdäki roly üçin türmä basylan aktiwist Talghat Aýany azatlyga goýbermek barada karar çykardy diýip, Aýanyň hem kakasy, hem-de aklawçysy Tengizbaý Aýanow aýdýar. Aýanowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 13-nji aprelde ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Aktoe şäheriniň sudy Aýanyň şertli görnüşde tussaglykdan boşadylmagy barada karar çykardy. Bu kararyň 29-njy aprelden güýje girjekdigini, Tengizbaý Aýanow belledi. Читать дальше...

Orsýet ýurduň internet prowaýderlerine Telegram tilsimini petiklemegi tabşyrdy

Azathabar.com 

Orsýetiň aragatnaşyga gözegçilik edýän edarasy Telegram messenjer tilsimini petikläp başlady. Bu waka geçen hepde Orsýetiň sudunyň meşhur Telegram tilsimine garşy karar çykarmagynyň yz ýanyna gabat geldi. 16-njy aprelde Roskomnadzor ýörite beýanat ýaýradyp, 13-nji aprelde çykarylan sud kararyna laýyklykda, Telegram tilsimine “girmegi çäklendirmek” barada ýurduň internet prowaýderlerine duýduryş berlendigini mälim etdi. Bu hereket, 18-nji martdaky saýlawlarda Wladimir Putiniň ýene alty ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanmagynyň yz ýany... Читать дальше...

Türkmen zähmet migrantlary üçin Orsýetiň meşhurlygynyň artmagy ähtimal

Azathabar.com 

18-nji aprelde Türkmenistanda Orsýetiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikler geçiriler. Türkmen-orsýet gepleşiklerinde howpsuzlyk meselesi, ykdysady hyzmatdaşlyk we mümkin zähmet migrasiýasy maslahat ediler, emma bilermenler Orsýetiň, belli bir derejede,türkmen zähmet migrantlary üçin Türkiýeden soň ikinji ugur bolmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar diýip, Orsýetiň “Nezawisimaýa gazeta” neşri ýazýar. Maglumatda munuň sebäbiniň Türkmenistanda barha güýçlenýän... Читать дальше...

Ermeni demonstrantlary Sarkisýanyň häkimiýetde galmagynyň öňüni almaga çalyşýar

Azathabar.com 

Ermenistanda ozalky prezident Serž Sarkisýanyň häkimiýetde galmagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýän protestler dördünji gününde hem dowam edýär. Ermeni parlamenti Sarkisýany gaýtadan premýer-ministr saýlamaga taýýarlyk görýän mahaly, protestleriň guramaçylary iş taşlaýyş yglan edip, boýkot geçirmäge çagyryş edýärler. 16-njy aprelde protestleriň esasy guramaçysy Nikol Paşinýan bilen ýüzlerçe adam has uly göwrümli “raýat boýun egmezlik hereketini” geçirmäge çagyryş edip, Ýerewanyň merkezindäki köçeleri petiklediler. Читать дальше...

Türkmenistanda 30 ýaşyny doldurmadyk erkekler ýurtdan çykarylmaz

Azathabar.com 

“Indiden beýläk 30 ýaşyny doldurmadyk türkmenistanly erkeklere daşary ýurtlara çykmaga rugsat berilmeýär” diýip, daşoguzly çeşme welaýatyň migrasiýa işgärlerine we şeýle şertlerde daşary ýurda çykarylmadyk ýaşlara salgylanyp 16-njy aprelde habar berdi.

Parlamentiň deputatlaryna olimpiýa şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlaryndan berilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň parlamentiniň deputatlaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärlerine Aşgabatdaky olimpiýa şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlaryndan berilýär. 11-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew agzalýan döwlet edaralarynyň işgärlerini ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek bilen baglanyşykly teklipler barada hasabat berdi. Bu hasabatdan soň, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durdylyýewa Türkmenistanyň parlamentiniň deputatlaryna... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Блинкова

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме






Володин: Госдума рассмотрит кандидатуры вице-премьеров на заседании 13 мая

Тарасов увез Костенко и детей из дома, который строил для Бузовой

Чебоксарец получил штраф в полсотни тысяч рублей за свалку на своем участке

RT: водитель упавшего в Мойку автобуса ранее работал контролёром и курьером