Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 28.04.2018

Türkmenistanyň Gahrymany, belli opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa 97 ýaşynda aradan çykdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Gahrymany, ozalky SSSR-iň halk artisti, meşhur opera aýdymçysy Maýa Kulyýewa öten agşam hassahanada 97 ýaşynda aradan çykdy. Ol Aşgabadyň alkymyndaky Buzmeýinde (häzir Abdan), 1920-nji ýylyň maý aýynda doguldy.  Maýa (Mamajan) Kulyýewa öz ýatlamalarynda uly sungata tarap äden ilkinji ädiminiň 1937-nji ýylda, çeper höwesjeňleriň Aşgabatda geçirilen respublikan gözden geçirilişinden başlanandygyny aýdýardy.  Şonda onuň ýerine ýetiren “Garybym” atly aýdymy hem diňleýjileriň, hem emin agzalarynyň göwnünden turdy. Читать дальше...

Owganystanda janyndan geçen bombaçy 6 adamy öldürdi

Azathabar.com 

Owganystanyň Helmand welaýatynda bir miniawtobusly bombaçy 28-nji aprelde goşun bazasyna hüjüm edip,iki esgeri we dört sany asuda adamy öldüridi. Şeýle-de resmiler janyndan geçen bombaçynyň guran partlamasynda iki esgeriň we ýene üç sany asuda adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar. Bu waka Nad Ali etrabynda boldy diýip, Helmand gubernatorynyň sözçüsi Omar Zwak aýtdy. Ýerli goşun komandiriniň sözçüsi, maýor Abdul Kadeer Bahadorzai hem bu hüjümi tassyk etdi. “Talyban” jeňçileri 25-nji aprelde özleriniň... Читать дальше...

Berdimuhamedow býujete gelýän salgyt we beýleki ýygym serişdeleriniň köpeldilmegini isleýär

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji apreldäki hökümet maslahatynda “ähli guramalaryň we kärhanalaryň durnukly maliýe ýagdaýyna berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny” belledi. Şeýle-de prezident ýurduň hereket edýän salgyt kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty diňledi.  TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow “dünýä tejribesinde synagdan geçen we halkyň milli aýratynlyklaryna laýyk gelýän maliýe ýygymlarynyň täze görnüşlerini girizmegi teklip edýär”. Читать дальше...

Türkmenistanda Bedew baýramynyň ady üýtgedildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji aprelde Bedew baýramynyň adyny “Türkmen bedewiniň milli baýramy” diýen at bilen çalşyrmak hakyndaky karara gol çekdi. TDH-nyň maglumatyna görä, bu karar “Türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, atçylygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen” bilen kabul edildi. Türkmenistanyň Bedew baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär we ahal-teke atlary hakyndaky ylmy maslahatlar, sergiler, gözellik... Читать дальше...

Berdimuhamedow uruş weteranlaryna öz adyndan $11 sowgat bermegi tabşyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji aprelde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna öz adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak baradaky karara gol çekdi. Türkmen mediasy ýurtda uruş weteranlarynyň hem-de tylda edermenlikli zähmet çekenleriň we gurban bolan Watan goragçylarynyň ýanýoldaşlarynyň uly hormat bilen gurşalyp alnandygyny nygtaýar. Читать дальше...

Özbegistan üçin gowy habar Türkmenistan üçin gowy habar däl

Azathabar.com 

Hamala, Türkmenistanyň onsuzam imaž (at-abraý) problemasy ýok ýaly, indi ol syýasy özgerişleri amala aşyrýan Özbegistanyň halkara jemgyýetçiliginden alýan ätiýaçly öwgülerini hem-de halkara kompaniýalarynyňň we maýadarlaryň oňa bildirýän gyzyklanmalaryny “içine salyp gezmeli”.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса