Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 13.04.2018

Kiýewde garaşsyz media çerişdeleriniň ýerleşýän binasyna edilen granataly hüjüm derňelýär

Azathabar.com 

Ukrainanyň häkimiýetleri Kiýewiň merkezinde ýurduň iň iri iki sany garaşsyz media çerişdesiniň ýerleşýän binasyna edilen granataly hüjümiň “huligançylyk” esasynda derňelýändigini aýdýarlar. Kiýewiň Peçýorsk etrabynda hökümet binalarynyň golaýynda ýerleşýän Kyiwmişbud atly bina edilen hüjüm 13-nji aprelde ýerli wagt bilen daňdan sagat iki töwereginde ýüze çykdy diýip, Ukrainanyň Içeri işler ministrligi habar berdi. Polisiýa partlama baradaky habaryň gowuşan badyna hadysanyň bolan ýerine bardy. Читать дальше...

Pakistanyň öňki premýer-ministri Şarif syýasatdan ömürlik çetleşdirildi

Azathabar.com 

Pakistanyň Baş sudy öňki premýer-ministr Nawaz Şarifi syýasatdan ömürlik çetleşdirdi. Bäş sudýadan ybarat topar öz kararyny 13-nji aprelde Yslamabatda berk howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeginde yglan etdi diýip, suduň resmisi Şahid Hussain aýtdy. Analitikleriň aýtmagyna görä, suduň karary şu ýylyň aýagyna bellenen parlament saýlawlaryna täsir ýetirip biler. Üç gezek Pakistanyň premýer-ministri bolan 68 ýaşly Şarif maşgalasynyň korrupsiýa baş goşmagy bilen bagly aýyplamalaryň esasynda geçen ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilipdi. Читать дальше...

Orsýetiň Döwlet dumasy amerikan harytlaryny gadagan edip, ABŞ jogap bermegi teklip edýär

Azathabar.com 

Orsýetiň Döwlet dumasynyň agzalary Waşingtonyň Moskwa garşy täze sanksiýalaryna jogap hökmünde ABŞ-nyň ençeme harytlarynyň importyna gadagançylyk girizmegi teklip etdiler. Döwlet dumasynyň spikeriniň orunbasary Melnikow 13-nji aprelde eden çykyşynda munuň, şeýle-de, ykdysady gatnaşyklary çäklendirip biljegini belledi. Kanunyň taslamasy indiki hepdede parlamentiň aşaky öýünde maslahat ediler. Analitikler Kremliň daşary ýurtlara duýduryş bermek üçin adatça parlamenti ulanýandygyny belleýärler. Читать дальше...

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi adatdan daşary maslahat geçirer

Azathabar.com 

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 13-nji aprelde Orsýetiň ABŞ-nyň hem onuň ýaranlarynyň edip biljek raketaly hüjümleriniň “halkara parahatçylygyna howp” döretmegi baradaky ýüzlenmesi boýunça adatdan daşary maslahat geçirýär. “Uruş howpunyň öňüni almak ilkinji nobatdaky meseledir” diýip, Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa aýtdy. Emma orsýet ilçisi Waşingtonyň şu hepdede Orsýete eden “urşujy” sözleriniň fonunda Günbataryň edip biljek howa hüjümleriniň uly konflikte ýazmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmady. Читать дальше...



Orsýetiň sudy Telegram ulgamyny bloklamak hakynda karar çykardy

Azathabar.com 

Orsýetiň sudy 13-nji aprelde Telegram ulgamynyň elýeterliligini ýurtda bloklamak hakynda karar çykardy diýip, döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde habar berilýär. Orsýetiň media gözegçilik edýän Roskomnadzor agentligi Telegram öz ulanyjylarynyň maglumatlarynyň üstüni açmakdan ýüz öwürensoň, bu ulgamyň elýeterliligini çäklendirmek hakynda iş gozgandygyny geçen hepdede habar berdi. Telegram özünden edilen talaby berjaý etmekden ýüz öwrüp, ony ‘konstitusiýa garşy” we “kanuna esaslanmadyk” diýip atlandyrdy. Читать дальше...

Türkmenistanyň tölegleri saklaýandygy sebäpli, Orsýetdäki onlarça türkmen talybyna okuwdan çykarylmak howpy abanýar

Azathabar.com 

Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan onlarça türkmen talybynyň Türkmenistanyň banklaryndan alan bank kartlarynda bar bolan pullaryny çekip bilmeýändiklerini, munuň netijesinde dürli kynçylyklara sezewar bolýandyklaryny, hatda özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp, 11-nji aprel güni Orsýetde bilim alýan bir türkmen talyby atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk bilen telefon arkaly habarlaşdy.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса