Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 10.04.2018

Merkel Demirgazyk akym-2 proýektiniň geljegini şübhe astyna goýdy

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ukrainanyň gaz tranziti boýunça rolunyň aýdyňlaşdyrylmadyk ýagdaýynda Orsýeti we Germaniýany baglaýan täze gaz geçirijisi bilen baglylykda öňegidişligiň bolup bilmejegini aýtdy. "Men Demirgazyk akym-2 proýektiniň Ukrainanyň tranzit rolunyň geljegi kesgitlenmezden mümkin däldigini açyk aýtdym” diýip, Merkel Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen 10-njy aprelde Berlinde geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy. Merkel munuň ykdysady däl-de, syýasy meseledigini belledi. Читать дальше...

Tramp güman edilýän himiki hüjüm sebäpli Siriýa garşy harby çäreleri amala aşyrmak haýbatyny atdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen dynç günlerinde raýatlara garşy himiki ýaragynyň ulanylan bolmagy güman edilýän hüjüm sebäpli Siriýa garşy harby çäreleri amala aşyrmak bilen haýbat atdy. Orsýet, bolsa, islendik şeýle çäräniň “uly netije” döredip biljekdigini aýtdy. Tramp ABŞ-nyň harby geňeşçileri bilen 9-njy aprelde geçiren duşuşygynda, hususan-da, “bizde ençeme harby mümkinçilik bar we biz soňra sizi habarly ederis. Belki-de faktdan soň” diýdi. ABŞ-nyň prezidenti yzýany Fransiýanyň prezidenti... Читать дальше...

Türkmen prezidentiniň Daşkente etjek saparynyň gün tertibine seredildi

Azathabar.com 

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň delegasiýasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmileri bilen Aşgabatda geçirilen syýasy konsultasiýalaryň nobatdaky tapgyrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkente etjek saparynyň gün tertibine seretdi diýip, Sputnik neşri 9-njy aprelde habar berdi. 9-njy aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek syýasy konsultasiýalar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap bolan resmi maglumatda, taraplaryň ýokary derejeli... Читать дальше...

Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa özara gatnaşyklary aktiwleşdirmek zerur diýýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanyň we Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministrleriniň 7-nji aprelde Aşgabatda geçirilen gepleşiklerinde ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna seredildi, taraplar olary mundan beýläk aktiwleşdirmegiň zerurdygyny mälim etdiler diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda habar berilýär. Resmi maglumatda aýdylyşyna görä, Türkmenistanyň we Demirgazyk Koreýanyň baş diplomatlarynyň Aşgabatdaky duşuşygynda taraplar hyzmatdaşlyk üçin özara bähbitli dürli ugurlary ösdürmek boýunça tekliplere seredipdir.

Zäherlenen Ýuliýa Skripal Britaniýanyň keselhanasyndan çykaryldy

Azathabar.com 

Orsýetli öňki gizlin agent Sergeý Skipalyň gyzy Ýuliýa Skripal Britaniýanyň Salisbury şäheriniň keselhanasyndan çykaryldy. "Bu bejerişiň soňy däl, emma uly öňegidişligiň alamaty” diýip, Salisbury şäheriniň etrap keselhanasynyň müdiri Kristine Blanshard 10-njy aprelde eden beýanatynda aýtdy. Mundan bir gün öň BBC agentligi 33 ýaşly Ýuliýa Skripalyň 9-njy aprelde keselhanadan çykarylandygyny habar berdi. Ýuliýa Skripal we onuň kakasy 66 ýaşly Sergeý Skripal 4-nji martda nerwe täsir ýetiriji madda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса