Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 05.04.2018

Türk uniwersitetindäki hüjümde dört adam öldi

Azathabar.com 

Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky uniwersitetde ýaragly adamyň ot açyp, dört adamy öldürendigi habar berilýär. Döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligi bu hüjümiň 5-nji aprelde Eskişehir şäherindäki Osmangazi uniwersitetinde bolandygyny aýtdy. Maglumatda ot açan adamyň uniwersitetiň ylmy işgäridigi we onuň ýokary okuw jaýynyň dekanynyň orunbasaryny, sekretaryny we iki mugallymyny öldürendigi bellenilýär. “Dogan” habar agentliginiň maglumatynda ýaragly adamyň polisiýa tarapyndan tussag edilendigi aýdylýar. Читать дальше...

ABŞ-nyň orsýetli milliarderlere garşy täze sanksiýalary girizjekdigi aýdylýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar Russiýa garşy sanksiýalaryň täze tapgyryny girizmegi planlaşdyrýar, bu gezek prezident Wladimir Putin bilen ilteşigi bolan rus milliarderleri nyşana alynýar diýlip, media maglumatlarynda habar berilýär. Reuters we The Washington Post neşirleri anonim şertde gürleşen Birleşen Ştatlaryň resmilerine salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň kanunyna laýyklykda orsýetlileriň azyndan bäşisine garşy sanksiýalaryň giriziljekdigini aýtdylar. Munuň Moskwanyň 2016-njy ýylda Birleşen Ştatlarda geçirilen... Читать дальше...

Kreml Facebook tarapyndan rus media hasaplarynyň pozulmagyna gynanç bildirdi

Azathabar.com 

Kreml Facebook kompaniýasy tarapyndan rus mediasynyň kontrollygyndaky hasaplaryň ýapylmagyny senzura ýol açan duşmançylykly ädim hökmünde häsiýetlendirdi. Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow bu barada 5-nji aprelde mälim etdi. Bu waka Facebook sosial ulgamy, Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna täsir ýetirmäge gönükdirilen syýasy hereketler diýlip aýyplanýan rus “trol zawody” bilen ilteşikli sahypalaryň onlarçasyny pozandygyny mälim etmeginden iki gün soňa gabat geldi. Читать дальше...

Gürjüstanyň kömür käninde bolan heläkçilikde alty adam öldi

Azathabar.com 

Gürjüstanyň günbataryndaky kömür käninde üçegiň çökmegi netijesinde alty şahtaçy öldi we başga-da üç sanysy ýaralandy diýip, ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär. Ministrligiň beýanatynda bu heläkçiligiň 5-nji aprelde irden Tbilisiniň 200 kilometr günbatarynda ýerleşýän Tkibuli şäherçesindäki "Mindeli" käninde bolandygy aýdylýar. Imereti sebitindäki kömür käni Gürjüstanyň “Sahnakşiri” kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar. Bu kompaniýa heläkçilige dag-gaýada öz-özünden bolan partlamadan... Читать дальше...

Gazak ‘Ratel.kz’ online habar websaýtynyň baş redaktory töhmet atmakda aýyplanýar

Azathabar.com 

Gazagystanyň “Ratel.kz” online habar websaýtynyň baş redaktory özüniň ýokary derejeli töhmet dawasynda resmi taýdan şübheli diýlip yglan edilendigini aýdýar. Marat Asipow 4-nji aprelde giçlik Almaty şäherinde žurnalistlere beren maglumatynda derňewçiler tarapyndan özüniň sekiz sagat soraga çekilendigini belledi. Şeýe-de, Asipow sosial ulgamlarda ýazan maglumatynda “Ratel.kz” websaýtynyň Facebook hasabynyň hem ýapylandygyny mälim etdi. Mart aýynyň ahyrynda gazak sudy “Ratel.kz” websaýtyny petiklemek barada karar çykarypdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса