Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Gürjüstanyň kömür käninde bolan heläkçilikde alty adam öldi

0
Gürjüstanyň günbataryndaky kömür käninde üçegiň çökmegi netijesinde alty şahtaçy öldi we başga-da üç sanysy ýaralandy diýip, ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär.


Ministrligiň beýanatynda bu heläkçiligiň 5-nji aprelde irden Tbilisiniň 200 kilometr günbatarynda ýerleşýän Tkibuli şäherçesindäki "Mindeli" käninde bolandygy aýdylýar.


Imereti sebitindäki kömür käni Gürjüstanyň “Sahnakşiri” kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar. Bu kompaniýa heläkçilige dag-gaýada öz-özünden bolan partlamadan gelen güýçli tolkunlaryň sebäp bolandygyny aýdýar.


Premýer-ministr Giorgi Hwirikaşwiliniň edarasy kömür käninde howpsuzlyk kadalarynyň bozulandygyny ýa-da bozulmandygyny anyklamak boýunça derňew işleriniň geçirilýändigini mälim etdi.


2011-nji ýyldan bäri “Mindeli” kömür käninde bolan dürli heläkçiliklerde 10 şahtaçy aradan çykdy diýip, Reuters habar agentligi ýazýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса