Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Rohani ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykan ýagdaýynda 'muňa puşman etjekdigini' aýtdy

0
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani eger ABŞ Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan halkara ylalaşygyny bozsa “muňa puşman etjekdigini” Waşingtona duýdurdy.


“Biz ylalaşygy birinji bolup bozmarys, emma olar muny bozsalar muňa puşman etjekdigini bilmeli” diýip, Rohani 9-njy aprelde Milli ýadro tehnologiýalar boýunça güni Tähranda eden çykyşynda aýtdy.


“Biz olaryň çak edişinden has taýýar we olar ylalaşygy bozsalar muny görerler, olar bir hepdäniň içinde, bir hepdeden hem az wagtda netijäni görerler” diýip, Rohani aýtdy.


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýadro we raketa programmalaryna täze çäklendirmeleriň girizilmegine garamazdan ylalaşykdan çykmak we 12-nji maýda Eýrana garşy sanksiýalary girizmek bilen haýbat atdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса