Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Zäherlenen Ýuliýa Skripal Britaniýanyň keselhanasyndan çykaryldy

0
Orsýetli öňki gizlin agent Sergeý Skipalyň gyzy Ýuliýa Skripal Britaniýanyň Salisbury şäheriniň keselhanasyndan çykaryldy.


"Bu bejerişiň soňy däl, emma uly öňegidişligiň alamaty” diýip, Salisbury şäheriniň etrap keselhanasynyň müdiri Kristine Blanshard 10-njy aprelde eden beýanatynda aýtdy.


Mundan bir gün öň BBC agentligi 33 ýaşly Ýuliýa Skripalyň 9-njy aprelde keselhanadan çykarylandygyny habar berdi.


Ýuliýa Skripal we onuň kakasy 66 ýaşly Sergeý Skripal 4-nji martda nerwe täsir ýetiriji madda bilen zäherlenmegi zerarly Salisbury şäheriniň keselhanasyna düşüpdi.


5-nji aprelde polisiýanyň Ýuliýa Skripala salgylanyp, ýaýradan beýanatynda onuň saglygynyň “gün günden” gowulaşýandygy we kakasynyň hem “tiz gowulaşyp”, “mundan beýläk agyr halda” däldigi aýdylýar.


Britaniýa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň hökümetini ataly-gyzy harby hasaplanylýan himiki madda bilen zäherlemäge synanyşmakda aýyplaýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса