Ýerewanda müňlerçe ermeni protest geçirýär
Mundan birnäçe ýyl ozal kabul edilen kanunçylyk prezidentiň häkimiýetini peseldip, oňa derek premýer-ministriniňkini artdyrýar.
9-njy aprelde Ermenistanyň täze prezidenti hökmünde Armen Sarkisýan saýlanypdy. Emma, Seržiň partiýasy parlamentde köpçülige eýe. Şu dynç günleri bolsa, partiýa Serži ýurduň premýer-ministri wezipesine hödürledi.
Protest liderleri demonstrasiýalaryny dowam etdirjekdiklerini söz berdiler.
