Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Ermeni oppozisiýanyň lideri dialogy ret edýär, Sakisýan çekilsin diýýär

0
Ermenistanyň oppozisiýadaky deputaty Nikol Paşiniýan hökümet bilen dialoga çagyrylmagyny ret etdi we Serž Sarkisýanyň premýer-ministrlikden çekilmegine çagyrdy.


“Indiden soň dialog geçirmek gaty giç bolar... ýöne bu biziň hiç bir maslahata taýyn däldigimizi aňlatmaýar” diýip, Paşiniýan 20-nji aprelde merkezi Ýerewanda ýygnanan müňlerçe protestçä ýüzlenip aýtdy. 


“Biz, elbetde, Serž Sarkisýanyň işden çekilmek ýagdaýlary[seneleri] we munuň bilen baglyly şertler babatynda maslahat etmäge taýýar” diýip, Paşiniýan oppozisiýanyň “duşmançylyklary we ar alyşlary islemeýändigini” sözüne goşdy. 


“Eger-de Sarkisýan mümkin boldugyça çalt işden çekilse, bu diňe onuň özüne we Ermenistan respublikasyna peýdaly bolar” diýip, ol aýtdy.


Paşiniýanyň çagyryşy ermeni paýtagtynda we kawkaz ýurdunyň beýleki ýerlerde öňki prezident Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy dowam edýän protestleriň tapgyr sekizinji gününde edildi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса