Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Ýerewan: Protestler dowam etdi, Serž Sarkisian hökümet başyndan çekildi

0
Serž Sarkisian Ermenistanyň hökümet baştutany wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.


23-nji aprelde irden Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda protestler ýene dowam etdirilipdi. Protestçiler premýer-ministr Serž Sarkisian we onuň hökümeti iş başyndan çekilýänçä öz çykyşlaryny dowam etdirmegi wada berdiler. 


Onlarça müň protestçi polisiýanyň duýduryşyna garamazdan, oppozisiýa lideri Nikol Paşinianyň tussag edilmeginiň yzýany Ýerewanyň Respublika meýdançasynda jemlendi.


Bir gün öň protestçiler, çykyşlaryny “merkezleşdirilmedik” görnüşde amala aşyrmagy we uly bolmadyk toparlara bölünip, şäheriň dürli böleklerinde ýöriş geçirmegi we öz närazylygyny beýan etmegi ylalaşdylar.


Protestçiler Serž Sarkisianyň Ermenistanyň prezidenti wezipesiniň möhletiniň tamamlanmagyndan soň 17-nji aprelde premýer-ministr wezipesine bellenmegine garşylyk bildirdiler.


21-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serž Sarkisiany Ermenistanyň hökümet baştutany wezipesine geçmegi bilen gutlady.    



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса