Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Pakistanda hristiýan aýalyň aklanmagy protestleri döretdi

0
Pakistan dine dil ýetirmek aýyplamalary esasynda ölüm jezasyna höküm edilip, sekiz ýyl türmede saklanan bir hristiýan aýalyny azatlyga goýberdi. Mundan öň, ýurduň Ýokary Sudy Asia Bibä çykarylan hökümi ýatyrypdy.


Suduň bu hökümi gahar-gazaply protestleri döretdi, aşa-dinçi yslam partiýasy bolsa, ölüm haýbatlary bilen çykyş etdi.


Asia Bibi çarşenbe güni azatlyga goýberilenden soň, howpsuzlyk aladalary sebäpli, belli edilmedik bir ýere äkidildi. Bibiniň aklawçysy, onuň soňy bilen ýurtdan çykaryljakdygyny mälim etdi.


Bäş çaganyň ejesi, 54 ýaşly Bibi roman katoligidir. Fransiýa we Ispaniýa oňa başpena hödürlediler.


Bibi 2010-njy ýylda Muhammet Pygambere dil ýetirmekde aýyplanyp, ölüme höküm edilipdi. Çarşenbe güni geçirilen sud diňlenişiginde, Bibiniň bu jenaýaty edendigi barada ýeterlik delilleriň ýokdugy, şeýle-de oňa bildirilen aýyplamalaryň “ýalandygy” bellenildi.


Suduň karary hukuk aktiwistleri tarapyndan gowy garşylandy.


Şol bir wagtda, bu aşa-diçi Tahrik-e Lebaik Pakistan partiýasynyň tarapdarlarynyň gahar-gazabyna sebäp boldy. Olar Lahor we Karaçi şäherlerinde köçeleri petiklediler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса