Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Новости за 08.11.2018

Hökümet hristian aýalyň Pakistany terk edendigini ret edýär

Azathabar.com 

Pakistanyň Daşary işler ministrligi küpür geplemek aýyplamasyndan aklanan hristian zenany Asia Bibiniň ýurdy terk edendigini ret etdi. Bibi, aklawçysy Saiful Muloogyň we Ýewropa parlamentiniň prezidenti Antonio Tajaniniň sözlerine görä, 7-nji noýabrda türmeden boşadyldy.  "Asia Bibi türmeden çykdy we howpsuz ýere geçirildi” diýip, Ýewropa parlamentiniň prezidenti Antonio Tajani 7-nji noýabrda twitterde ýazdy. "Men Pakistanyň häkimiýetlerine sagbolsun aýdýaryn. Men onuň özi we maşgalasy bilen mümkin... Читать дальше...

Azyk gytçylygynyň fonunda türkmen telekeçileri çörek önümlerini eksport etmäge taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň fonunda milli metbugat türkmen telekeçileriniň çörek önümlerini eksport etmäge taýýarlanýandygyny habar berýär. "Türkmenistan Altyn asyr" internet neşriniň maglumatyna görä, daşary ýurtlara öz önümlerini eksport etmäge "Ýyldyrym" atly hususy kärhana planlaşdyrýar. Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasynyň eýeçiligindäki bu kärhana Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýär we çörek, süýji önümlerini öndürýär.  Bu kärhananyň Daşoguzda... Читать дальше...

ABŞ: Kaliforniýada bolan atyşykda 13 adam öldürildi

Azathabar.com 

Şerif 7-nji noýabr güni giçlik Günorta Kaliforniýadaky barda toplanan mähelle oka tutulanda, 13 adamyň, şol sanda şerifiň orunbasarynyň we güman edilýän ýaragly adamyň hem öldürilendigini aýdýar. Los Anjels şäherinden 40 mil çemesi günbatarda ýerleşýän Thousand Oaksda, Borderline Bar & Grill naharhanasynda bolan hadysada köp adam ýaraly boldy. Şerif Geoff Dean orunbasary Ron Helusyň wakanyň bolan ýerine baryp, binanyň içine girende tüpeňlenendigini aýtdy. Ol 8-nji noýabr güni irden hasshanada jan berdi. Читать дальше...

Orsýet: Döwlet raketa firmasynyň başlygy saç bejerýän gyzyna 'pul akdyrýar'

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň sözçüsi Taktiki raketalar korporasiýasyndaky, KTRV diýip bilinýän döwlet ýarag zawodyndaky ýokary derejeli korrupsiýa barada çap edilen gazet makalasyna güman salmaga çalyşdy. Garaşsyz neşir bolan “Novaya Gazeta” 7-nji noýabrda raketa korporasiýasynyň direktorynyň 29 ýaşyndaky gyzynyň biznesde uly aksiýalarynyň bardygyny, sebäbi onuň döwlet eýeçiligindäki guramanyň alýan girdejilerinden uly peýda görýändigini habar berdi.  Makalada aýdylmagayna görä, KTRV-nyň... Читать дальше...

Çalik Holding türkmen elektrik geçiriji taslamasyna $1.6 millard maýa ýatyrýar

Azathabar.com 

Türk kompaniýasy üçünji gün Türkmenistandan Owganystana we Pakistana  çekiljek elektrik geçiriji taslama $1.6 millard möçberinde maýa ýatyrmaga razy boldy diýip, 1tvnews.af agentligi 7-nji noýabrda habar berdi. Kabulda prezident Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda guralan dabarada Owganystanyň energiýa we suw ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Mohammad Gul Khulmi bilen Çalik Holding kompaniýasynyň başlygy Ahmet Çalyk özara düşünişmek jarnamasyna gol çekdi diýip, habarda aýdylýar. Neşiriň owgan ministriniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä... Читать дальше...

AI Saud Arabystanynda ölüme höküm edilen 12 musulmanyň derhal jezalandyrylmak ähtimallygyny duýdurýar

Azathabar.com 

“Amnesty International” guramasy 7-nji noýabrda saudly şaýy tussaglarynyň 12 sanysynyň derhal jezalandyrylyp öldürilmeginiň ahmaldygyny, olaryň göni patyşa hasabat berýän gizlin döwlet howpsuzlyk gullugyna geçirilendigini duýdurdy. Bu erkekler 2016-njy ýylda Eýranyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, köpçülikleýin sud seljermesinden soň ölüme höküm edildi hem-de Döwlet howpsuzlygy prezidentligine geçirildi diýip, adam hukuklary topary habar berdi. Olar patyşa hökümi tassyklan badyna jezalandyrylyp bilner. Читать дальше...

Täjigistanyň demirgazygynda bolan ganly türme gozgalaňynda emçeme adam öldürildi

Azathabar.com 

Ýerli häkimiýetlere ýakyn çeşmeler 8-nji noýabrda Azatlyk radiosyna Täjigistanyň demirgazygyndaky Hojand şäheriniň türmesinde gije bolan gozgalaňda azyndan 22 adamyň öldürilendigini habar berdiler.  Çeşmeleriň maglumatyna görä, polisiýanyň goşmaça güýçleriniň iberilmegi bilen basylyp ýatyrylan gozgalaňyň näme sebäpden turandygy aýdyň däl.  "Tussaglaryň birnäçesi pyçak bilen ýaraglandy, olaryň käbiri öldürildi, käbiri bolsa gaçyp sypmagy başardy” diýip, çeşmeleriň biri aýtdy. AFP habar gullugy ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Александрова не смогла обыграть Саснович и покинула турнир WTA-1000 в Риме






Китай ослабил экспорт // Как санкционное давление США на КНР скажется на российском бизнесе

Суд 23 раза штрафовал компанию-владельца упавшего в реку Петербурга автобуса

Подмосковную компанию оштрафовали за незаконный сброс отходов

Поляки начали усиленно укреплять границу с Россией и Беларусью