Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Новости за 15.11.2018

Türkmenabadyň döwlet dükanynda un alyjylardan ýaşaýan ýeri barada resminama talap edildi

Azathabar.com 

Türkmenabatda un satyn almak üçin döwlet dükanynyň öňünde nobata duran adamlardan öý dolandyryjy edaradan resminama talap edildi. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň 15-nji noýabrda habar bermegine görä, adamlaryň ýaşaýan ýeri baradaky bu resminama şäheriň dükanlarynyň birinde öňe sürlüpdir.  "Türkmenabatda un satyn almak üçin öý dolandyryjy edaradan resminama getirmegi talap etdiler. Şu günki günden başlap, nobatda duran her bir adam başyna diňe 4.5 kilogram un berýärler, öň 5 kilogramdy" diýip... Читать дальше...

Ýewropanyň sudy Nawalnynyň tussag edilmeginiň “bikanun” bolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Adam Hukuklary boýunça Ýewropanyň sudy Russiýanyň oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny ençeme gezek tussag edip, türmä basmagy bilen, onuň hak-hukuklaryny bozandygyny aýtdy. Şeýle-de sud oňa bildirilen aýyplamalaryň “bikanundygyny” we “syýasy matlaplara esaslanandygyny” belledi.

Türkmen prezidenti AÖB-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB)  ýolbaşçysy Takehiko Nakao bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistan-Owganystan- Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasy boýunça gol çekilen ylalaşygyň ähmiýeti bellenilipdir. Mundan öň, Aziýa Ösüş bankynyň direktorlar geňeşi Türkmenistanyň elektrik geçirijileriniň kuwwatyny, ýurduň elektrik üpjünçiliginiň we goňşy ýurtlara iberýän elektrik... Читать дальше...



ABŞ: Eýran Hizballah we beýleki ýaranlary üçin ýylda $1 milliard harçlaýar

Azathabar.com 

ABŞ Eýranyň her ýyl Ýakyn Gündogardaky Hizballah, Hamas we beýleki tarapdar toparlaryna 1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdelerini goýberýändigini aýdýar. Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy koordinatory, ABŞ-nyň ilçisi Nathan Sales Eýranyň ýylda Hizballah üçin 700 million dollar maliýe serişdesini harçalaýandygyny aýtdy. Gürrüňi gidýän liwanly harby topar Ysraýyl bilen çaknyşypdy. Şeýle-de, ol Siriýada dowam edýän ýedi ýyllyk graždançylyk urşunda prezident Başar al-Assady goldap gelýär. Читать дальше...

Donetskdäki separatistleriň täze lideri ‘Russiýa tarap ugruň dowam etdiriljekdigini’ aýtdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň täze saýlanan lideri Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyklary gurjakdygyna söz berdi. Mundan öň, Kiýew we Günbatar bu sebite gurnalan ses berilişikleri ýazgarypdylar. “Russiýa Federasiýasyna tarap ugur dowam etdiriler” diýip, Donetskdäki separatistleriň ýolbaşçysy Denis Puşilin saýlawlardan soň jemgyýetçiligiň öňünde eden ilkinji çykyşynda aýtdy. “Bu diňe bir medeni ýa-da sosial integrasiýasy bilen çäklenmän, ol ykdysadyýeti hem göz öňünde tutýar” diýip, Puşilin belledi. Читать дальше...

Türkiýe meshetin türklerini “goldajakdygyna” söz berdi

Azathabar.com 

Türkiýe sowetler döwri meshetin türkleriniň Gürjüstandan Merkezi Aziýa ekstradisiýa edilmeginiň 74-nji ýyl dönümi mynasybetli eden çykyşynda olara “goldaw bermegini” dowam etdirjekdigini aýtdy. Türkiýäniň Daşary işler ministrligi beýanat bilen çykyş edip, Ankaranyň meshetin türkleriniň “ýagdaýyny we repatriasiýa, ýagny öz dogduk ýerlerine dolanmak prosesini” “ýakyndan” yzarlaýandygyny belledi. 1944-nji ýylyň 14-nji noýabrynda sowetler ahiska türkleri diýlip hem bilinýän, meshetin türkleriniň... Читать дальше...

Wengriýa Gruýewskiniň gaçybatalga sorandygyny tassyklady

Azathabar.com 

Wengriýanyň hökümeti Makedoniýanyň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň syýasy gaçybatalga sorap, arza bilen ýüz tutandygyny tassyklady. 2006-2016-njy ýyllar aralygynda Makedoniýanyň premýer-ministri bolan Gruýewski 13-nji noýabrda özüniň Facebook hasabynda Budapeşde aşandygyny we syýasy gaçybatalga sorandygyny mälim edipdi. Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň edarasy “beýleki bir ýurtlaryň içerki işlerine goşulmak islemeýändigini” aýtdy. Şol bir wagtda, ol “Gruýewskiniň 10 ýyllap... Читать дальше...

Eýran “Teňňeleriň soltanyny” dardan asdy

Azathabar.com 

Eýran bikanun walýuta söwdasynda günäli tapylan iki adamy jezalandyryp öldürdi. Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, Tähranyň polisiýasynyň “Teňňeleriň soltany” diýip atlandyran Wahid Mazluimin we onuň şärigi bolmakda güman edilýän Mohammad Ismail Ghasemi dardan asylypdyrlar. Olar “ýer ýüzünde parahorlygy ornaşdyrmakda” we walýuta manipulýasiýalarynda sentýabrda günäli tapylypdylar. Eýranyň hökümeti ýurtdaky ykdysady çökgünliginiň netijeleri bilen göreşmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Энди Роддик

Энди Роддик: «У меня было несколько типов рака кожи с тех пор, как я завершил карьеру»






Под защитой «семерки» и Красной Горки: что обязательно нужно сделать 12 мая

Президент Белорусии указал на ненужность доллара и евро во многих странах

В Бийске Алтайского края при пожаре в больнице эвакуировали более 40 человек

Композитор из рода Аксаковых. Часть 2