Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Новости за 28.11.2018

Türkmenistanyň milli azlyklary ÝHHG-niň resmisinden tapawutlylykda öz hukuklarynyň berjaý edilişinden kanagatly däl

Azathabar.com 

ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça baş komissarynyň wekili Lamberto Zannier Türkmenistanda milli azlyklaryň bähbitleriniň üpçün edilmegindäki “oňyn dinamikany” belledi. Bu barada ÝHHG-niň resmi websaýtynda aýdylýar. “Meselem, men Türkmenistanyň Merkezi Aziýa boýunça bilim programmasynda has möhüm rol oýnamaga gyzyklanma bildirmegine şat, bu regional resmilerini köp dilli bilim ugrunda tejribe paýlaşmak üçin birleşdirýär”, diýip Zannier Türkmenistana eden saparynyň dowamynda belledi. 20-23-nji noýabrda... Читать дальше...

Tramp Putin bilen duşuşygyny ýatyrmagy mümkin

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň ukrain deňizçilerini tussag etmeginden soň, rus prezidenti Wladimir Putin bilen şu hepde Argentinada geçjek G-20 sammtiniň çäklerinde planlaşdyrylan duşuşygyny ýatyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Trampyň Waşington Post gazetine beren interwýusyndan öň, ukrain prezidenti Petro Poroşenko çykyş edip, Russiýa bilen “doly göwrümli urşuň turmagynyň howplary” barada duýdurdy. Ýewropa liderleri hem 25-nji noýabrdaky hadysadan soň, Russiýa garşy sanksiýalaryň... Читать дальше...



Gürjüstanda prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçýär

Azathabar.com 

Gürjüstanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini saýlamak üçin ses berýärler. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Fransiýada doglan Salome Zurabişwili we Grigol Waşadze dalaş edýärler. 66 ýaşly Zurabişwilini ýurduň ozalky premýer-ministri, milliarder Bidzina Iwanişwiliniň häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasy goldaýar. 60 ýaşly Waşadza bolsa, ozaky prezident Mihaýil Saakaşwiliniň esaslandyran “Birleşen Milli Hereket” partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa toparlary arka çykýarlar. Kandidatlaryň... Читать дальше...

Wengriýa ýarag söwdasynda güman edilýän ruslary ABŞ-a ekstradisiýa etmekden ýüz öwürdi

Azathabar.com 

Wengriýa ýarag söwdasynda güman edilýän iki rus raýatyny ekstradisiýa etmek baradaky ABŞ-nyň haýyşyny ret edip, olary Russiýa iberdi diýip, Döwlet Departamenti maglumat berdi. Departamentiň metbugat wekili Heather Nauert Wengriýanyň hökümetiniň Wladimir Lýubişin Sr-y we Wladimir Lýubişin Jr-y Russiýa ekstradisiýa etmek baradaky kararyndan ABŞ-nyň “nägile” bolandygyny aýtdy. Nauert Lýubişinlere garşy ABŞ-da berk işiň bardygyny belläp, olaryň Russiýada sud edilip-edilmejekdiginiň hem anyk däldigini aýtdy. Читать дальше...

Eýranda sünni ruhanasy öldürildi

Azathabar.com 

Eýranyň demirgazygyndaky Gülistan welaýatynda bir sünni ruhanasy atylyp öldürildi. Eýranyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Reza Abad obasynda Abdolghafour Jamalzaýiniň arkasyndan aw tüpeňi bilen atylypdyr. Resmiler etniki buluç Jamalzaýiniň metjitden dolanyp gelýän pursady, oňa dört gezek ot açylandygyny aýtdylar. IRNA agentligi jenaýata “şahsy ýa-da tire-taýpa duşmançylygynyň” sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi. Ýerli resmiler Jamalzaýiniň öldürilmeginiň sebäpleriniň häzirlikçe belli däldigini aýtdylar.

Gazagystanda aýyplanýanlaryň ellerini kesmeginden soň sud yza süýşürildi

Azathabar.com 

Gazagystanda terrorizm propogandasynda aýyplanýan üç gazagyň ikisiniň suduň zalynda ýiti demir bölekleri bilen ellerini kesmeginden soň, olaryň üstünden geçýän sud diňlenişigi yza süýşürildi. Aýyplanýanlaryň aklawçysy Gülnara Žuaspaýewanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Almat Žumagulow we Oralbek Omirow, suduň olaryň goşmaça şaýatlary we ekspertleri çagyrmak haýyşyny ret edenden soň, ellerini ýaralapdyrlar. Aýyplanýanlaryň ikisine-de medisina kömegi berildi. “Mundan soň, sud näbelli wagta çenli yza süýşürildi” diýip... Читать дальше...

ÝB Owganystana $500 million hemaýat berjekdigini yglan etdi

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşigi Owganystan üçin 474 miliion ýewrolyk ($535 million) maliýe hemaýatyny berjekdigini yglan etdi. Bu barada BMG-niň howandarlygyndaky Owganystandaky ösüş, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine gönükdirilen halkara donorlarynyň konferensiýasynda mälim edildi. Onlarça ýurduň diplomatlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu çärede owgan prezidenti Aşraf Ghani çykyş edip, ýurda sermaýa ýatyrylmagyny sorady. Maslahatda  donorlaryň 2016-njy ýyldaky konferensiýasyndan bäri owgan hökümetiniň bölünip berlen milliardlarça dollary bilim... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович вышла в третий раунд турнира WTA-1000 в Риме






Патриарх Кирилл напомнил, что зло нежизнеспособно

Польша создает комиссию по расследованию влияния России и Белоруссии

Главархив Москвы представил выставку «История семьи — история страны»

Ветеранам Великой Отечественной войны – почёт и уважение