Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Новости за 06.11.2018

ABŞ-da "aralyk" saýlawlary geçiriler

Azathabar.com 

Amerikanlar häzir “aralyk saýlawlary” diýip atlandyrylan ses berişlige taýýarlanýarlar. Bir nesliň ömrüniň dowamynda geçen iň gazaply dalaş bolan bu ses berişlikde ele geçirmäge synanyşylýan Birleşen Ştatlaryň kongrsine kontrollyk.

Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşi, “Talyban” Moskwadaky gepleşiklere öz wekillerini ýollarlar

Azathabar.com 

Owganystan şu aý Russiýada geçiriljek halkara parahatçylyk gepleşiklerine öz delegasiýasyny ýollajakdygyny mälim etdi. Owgan “Talybany” hem 9-njy noýabrda geçiriljek gepleşiklere öz wekilleriniň gatnaşjakdygyny aýtdy. Bu häzir ABŞ-nyň “Talybany” Kabul bilen gepleşiklere çekmek ugrunda tagalla edýän döwri bolup geçýär. Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşi Moskwa özüniň dört wekilini ýollajakdygyny mälim etdi. “Talybanyň” syýasy edarasy hem Azatlyk Radiosyna bu gepleşiklere gatnaşjakdygy barada maglumat berdi. Читать дальше...

Aşgabatda 'Ahal' ýagy satuwda ýok, emma nobatlar dowam edýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň ýaşaýjylary pagta ýagyny satyn almak üçin daňdan dükanlaryň açylýan wagtyndan birnäçe sagat öň nobatlara düzülýärler.  Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, pagta ýagy paýtagtyň döwlet dükanlarynda 28-nji oktýabrdan bäri satuwa çykarylmaýar, muňa garamazdan döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar daňdan sagat bäş bolmanka başlanýar. Habarçylarymyz şu günler Aşgabadyň Parahat-1; 2; 3; 4 etrapçalarynyň döwlet dükanlarynyň ençemesine aýlanyp gördüler.  "Diňe bir... Читать дальше...

Facebook ABŞ resmileriniň duýduryşyndan soň 115 hasaby togtatdy

Azathabar.com 

Facebook ABŞ resmileriniň bu sosial ulgamynda daşary ýurtlar bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän şübheli hereketler barada duýduranyndan soň, 115 ulanyjynyň hasabyny togtadandygyny mälim etdi. Mundan öň, ABŞ-nyň howpsuzlyk gulluklary 6-njy noýabrda geçiriljek saýlawlar bilen baglylykda Russiýanyň, Eýranyň we beýleki döwletleriň sosial ulgamlarynda ýalan maglumatlary ýaýratmak synanyşyklaryndan ägä bolmaga çagyrypdylar. Geçen hepde çap bolan hasabatda 6-njy noýabrdaky saýlawlaryň öňüsyrasynda... Читать дальше...

ABŞ Eýrana “dowamly” basyş etjekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýran özüni “düzüw döwlet ýaly alyp barmaýança”, ABŞ-nyň Tährana garşy “dowamly” basyş etjekdigini duýdurdy. Pompeo bu barada Waşingtonyň Eýranyň möhüm pudaklaryna garşy girizen sanskiýalarynyň güýje girmeginiň yzy bilen çykyş etdi. Eýran BMG-e ýüzlenip, ABŞ-ny ýurduň energiýa, gämi we maliýe pudaklaryna garşy girizen sanksiýalary üçin jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Tähran bu sanksiýalaryň “bikanundygyny” aýdyp, olaryň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna çapraz gelýändigini hem öňe sürdi. Читать дальше...

Sibirde köpriniň ýumrulmagy netijesinde iki adam öldi

Azathabar.com 

Russiýanyň Sibirdäki Hanty-Mansiýsk regionynda abatlanyş işleri geçirilýän bir köpriniň ýumrulmagy netijesinde iki adam öldi, başga-da bäşisi ýaralandy. Ýerli resmiler Karakteýewy obasynyň golaýyndaky Nefteýugansk etrabynda ýüze çykan hadysada gurluşyk kranynyň we ýük ulagynyň hem suwa gaçandygyny mälim etdiler.  Russiýada soňky hepdeleriň dowamynda eýýäm dördünji köpri ýumruldy. Oktýabryň başynda uzak gündogardaky Primorýe regionynda bir köprüniň ýykylmagy netijesinde, ýük ulagynyň sürüjisi ýaralanypdy. Читать дальше...

Azeri resmileri Gansada iki ekstremistiň öldürilendigini aýdýarlar

Azathabar.com 

Azerbaýjanyň ikinji uly şäheri Gansada polisiýa dini ekstremist bolmakda güman edilýän iki adamy öldürdi. Azerbaýjanyň Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň maglumatyna görä, Famil Alakbarow we Rustam Rzaýew polisiýanyň ulagy saklamak talabyna boýun bolman, howpsuzlyk işgärlerine ot açanyndan soň öldürilipdirler. Resmiler Alakbarowyň we Rzaýewiň “radikal ekstremist jeňçi toparynyň agzalary bolandygyny” aýdyp, olaryň terroristiki hüjümi gurnamak üçin ýaraglary we partladyjy serişdeleri alandyklaryny hem bellediler. Читать дальше...

Awstriýanyň kansleri Serbiýanyň ÝB goşulmak tagallalaryny goldady

Azathabar.com 

Awstriýanyň kansleri Sebastiýan Kurz Belgrada eden saparynyň dowamynda Serbiýanyň we beýleki Balkan döwletleriniň Ýewropa Bileleşigine goşulmak ugrundaky tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy. Kurz Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Serbiýanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak arzasyny goldaýandygyny aýdyp: “ÝB Günbatar Balkan döwletleri goşulandan soň, gutarnykly bütin bolar” diýip, hem sözüne goşdy. Mundanam başga, Kurz Belgrad bilen Pristinanyň mundan 10 ýyl... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Александр Зверев

Александр Зверев раскритиковал график соревнований в туре






Пара из новосибирского села Локти сыграет свадьбу на ВДНХ в Москве

Орловская область стала пользоваться большей популярностью у туристов

Антонов: Россия может вести диалог с Западом исключительно на равных условиях

Армения на пороге новых больших вызовов