Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Новости за 05.11.2018

​​“Türkmennebit” bäş ýyl bäri kiprli partnýorynyň öňündäki bergisini üzmän gelýär

Azathabar.com 

“Türkmennebit” döwlet konserniniň daşary ýurtly partnýory ondan bäş ýyl bäri garaşýan 8 million dollarlyk algysyny henize çenli alyp bilmändigini aýdýar. Bu barada kiprli "I.C. Intercomplect Ltd" atly kompaniýanyň hukuk wekili hökmünde çykyş edýän "CIS Debt Recovery Solutions" atly şirketiň resmisi Taras Kopiý Azatlyk Radiosyna habar berdi. Taras Kopiýiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň müşderisine ýarym ýyl mundan öň türkmen tarapy bilen geçiren gepleşiklerinde belli bir öňegidişlik gazanmak başardypdyr. Читать дальше...

ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalary güýje girdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Eýranyň energiýa, gämi we maliýe pudaklaryna garşy girizen sanksiýalary güýje girdi. ABŞ resmileri munuň bilen baglylykda, häzirlikçe hiç hili bildiriş bilen çykyş etmediler. Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähranyň “sanksiýalardan sowa geçip”, nebiti satmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy. Eýran ABŞ-nyň mundan owalky girizen sanksiýalary sebäpli häzir agyr maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär.

Aşgabatda ogryn satylýan çilimiň bahasy ýene 40% ýokarlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda şu günki gün çilim diňe hususy dükanlarda ogryn ýoldan satylýar. Munuň bilen bir wagtda çilimiň bahasy ortaça hasapdan 40% çemesi ýokarlandy, kanuny goraýjylar köçelerde çilim çekýän we çilim dilegçiligini edýän adamlara gözegçiligi amala aşyrýar.  Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 5-nji noýarbda habar bermegine görä, şu günki gün çilimi şäheriň diňe sanlyja hususy dükanlarynda satyn almak mümkin. "Çilim diňe belli bir dükanlarda, şol sanda Aşgabadyň Berkararlyk etrabynda... Читать дальше...

Twitter radikal ruhanynyň hasabyny togtatdy

Azathabar.com 

Twitter Pakistanda dine dil ýetirmekde aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edilen hristiýan aýalynyň aklanmagy netijesinde ýurduň Ýokary suduna, premýer-ministrine we harbylaryna garşy öjükdiriji çagyryşlary eden ýerli radikal ruhanysynyň hasabyny togtatdy diýip, pakistan hökümeti maglumat berdi. Pakistanyň Telekomunikasiýalar boýunça edarasy Twitterden ruhana Khadim Hussain Rizwiniň hasabyny togtatmagy haýyş edendigini mälim etdi. Rizwiniň Tehreek-e-Labbaik partiýasy Bibä çykarylan höküm ýatyrylyndan soň... Читать дальше...

“Talybanyň” hüjüminde owgan güýçleriniň 13 agzasy öldürildi

Azathabar.com 

Owganystanyň Gazni welaýatynda howpsuzlyk güýçleri bilen jeňçileriň arasynda ýüze çykan ok atyşlykda owgan güýçleriniň hataryndan azyndan 13 gullukçy öldürildi. Gazni welaýatynyň häkiminiň metbugat-wekiliniň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, jeňçiler duşenbe güni ir bilen Khogýani etrabyndaky barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edipdirler. Mohammad Arif Nooriniň beren maglumatyna görä, çaknyşykda alty polisiýa işgäri we ýedi esger öldürilipdir; azyndan dört polisiýa işgäri hem ýaralanypdyr. Читать дальше...

Bagdatda şaýylaryň ýaşaýan etraplarynda partlamalar boldy

Azathabar.com 

Bagdatda şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitinde amala aşyrylan bomba hüjümlerinde azyndan alty adam öldi, başga-da birnäçesi ýaralandy. Ýekşenbe güni ikindin amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy. Patlamalar aglaba şaýylaryň ýaşaýan Sadr we Kadhimiýa etraplarynda amala aşyryldy. Sadr şaýy ruhanasy we harby lideri Muktada al-Sadryň berkitmesi hasaplanýar. Onuň tarapdarlary maýda geçirilen parlament saýlawlarynda mejlisdäki orunlaryň aglabasyny almagy başarypdylar. Читать дальше...

Müsürde hristiýanlara hüjüm etmekde şübhelenýän jeňçiler ‘öldürildi’

Azathabar.com 

Müsürde goptik hristiýanlaryna edilen hüjüme jogapkär bolmakda güman edilýän 19 jeňçi öldürildi diýip, ýurduň Içeri işler ministrligi mälim etdi. 2-nji noýabrda çöllükdäki bir kilisä zyýarata barýan goptik hristiýanlaryna edilen hüjümde ýedi adam öldürilip, 19-sy hem ýaralanypdy. Ministrlik jeňçileriň Minýa welaýatynyň günbataryndaky gaçybatalgalarynda tapylandygyny we olar bilen ok atyşygyň ýüze çykandygyny aýtdy. “Yslam döwleti” ekstremistik topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Читать дальше...

ABŞ, Günorta Koreýa bilelikdäki harby-türgenleşikleri geçirýärler

Azathabar.com 

ABŞ bilen Günorta Koreýanyň bilelikdäki kiçi göwrümli harby türgenleşikleri başlady. Bu ABŞ-yň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Demirgazyk Koreýanyň resmileri bilen Nýu-Ýorkda planlaşdyrylan duşuşygyndan birnäçe gün öň bolup geçýär. Bu ozal planlaşdyrylan has uly harby-türgenleşikleriň bir bölegidir. Iýun aýynda prezident Donald Tramp Singapurda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçiren sammitinden soň, ABŞ-Günorta Koreýa bilelikdäki harby türgenleşikleriniň geçirilmejekdigini söz beripdi. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Соболенко сделала признание о соперничестве с Рыбакиной






Депутат Мособлдумы Барсуков поздравил ветеранов с 9 Мая

Журналист Боуз: опрометчивая кампания Запада только укрепила российскую нацию

День Победы отметили в музее «Г.О.Р.А.»

Праздничный салют в честь Дня Победы в Москве. Прямая трансляция