Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Berdimuhamedow täze institutda 'öz işiniň hakyky ussatlarynyň taýýarlanmagyny" tabşyrdy

0
Türkmenistanda “Hazar deňzi” we “Türkmenhimiýa” institutlary dörediler.


2-nji noýabrdaky hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda Hazar deňziniň institutyny döretmek baradaky teklip hödürledi.


TDH-nyň ýazmagyna görä, täze dörediljek institutda Hazarda  amala aşyrylýan işleriň hem-de ylmy barlaglaryň seljermesini geçirmek, degişli halkara we milli resminamalary taýýarlamak we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.


Şeýle-de prezidentiň garamagyna Türkmenabat şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagynda, tehniki orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda Türkmenistanyň Himiýa-tehnologiýa institutyny açmak barada teklip hödürlenildi.


Döwlet baştutany täze institutda "nou-haulardan baş çykarýan, öz işiniň hakyky ussatlaryny taýýarlamagy" tabşyrdy.


Türkmenistandan ýylda müňlerçe ýaş adam daşary ýurtlara okuwa gidýär, şol bir wagtda ýurduň halk hojalygynda ýokary hünärli işgärleriň ýetmeýändigi aýdylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса