Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

ABŞ Eýrana “dowamly” basyş etjekdigini aýdýar

0
Döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýran özüni “düzüw döwlet ýaly alyp barmaýança”, ABŞ-nyň Tährana garşy “dowamly” basyş etjekdigini duýdurdy.


Pompeo bu barada Waşingtonyň Eýranyň möhüm pudaklaryna garşy girizen sanskiýalarynyň güýje girmeginiň yzy bilen çykyş etdi.


Eýran BMG-e ýüzlenip, ABŞ-ny ýurduň energiýa, gämi we maliýe pudaklaryna garşy girizen sanksiýalary üçin jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Tähran bu sanksiýalaryň “bikanundygyny” aýdyp, olaryň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna çapraz gelýändigini hem öňe sürdi.


Mundan sähel öň, eýran resmileri haýbatly çykyşlary edip, Tähranyň ABŞ-nyň sanksiýalaryndan “sowa geçjekdigini” aýdypdylar.


Prezident Donald Tramp maý aýynda ABŞ-nyň 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykarypdy. Waşington Ylalaşygň şertleri Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni alarlyk derejede berk däldigini aýdypdy. Tramp Tährany regiondaky harby zorluklary goldamakda we beýleki “zyýanly” işjeňliklerde hem aýyplaýar. Eýran bu aýdylýanlary ret edýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса