Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

NATO-nyň başlygy "Talybany" gepleşiklere goşulmaga we konflikti soňlamaga çagyrýar

0
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg garaşylmadyk ýerden Kabula baryp, “Talyban” toparyny Owganystandaky 17 ýyllyk konflikti soňlamak üçin gepleşiklere gatnaşmaga çagyrdy. Ol uruşdan tozan ýurtdaky söweşleri dowam etdirmegiň “manysyzdygyny” we “ters netije berýändigini” belledi.


"Owganystanyň gelejeginiň bir bölegine öwrülmek üçin olar gepleşikler stolunyň başyna gelmeli” diýip, Stoltenberg 6-njy noýabrda guralan metbugat ýygnagynda “Talybany” we beýleki pitneçi toparlary “öz owganly ildeşlerini öldürmegi bes etmäge çagyryp”aýtdy. 


NATO-nyň başlygynyň garaşylmadyk sapary owgan resmileriniň we “Talybanyň” aýry-aýrylykda özleriniň şu hepdäniň aýagynda Orsýetde geçýän halkara parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak üçin öz delegasiýalaryny iberjekdiklerini aýdan wagtyna gabat geldi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса