Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Çalik Holding türkmen elektrik geçiriji taslamasyna $1.6 millard maýa ýatyrýar

0
Türk kompaniýasy üçünji gün Türkmenistandan Owganystana we Pakistana  çekiljek elektrik geçiriji taslama $1.6 millard möçberinde maýa ýatyrmaga razy boldy diýip, 1tvnews.af agentligi 7-nji noýabrda habar berdi.


Kabulda prezident Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda guralan dabarada Owganystanyň energiýa we suw ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Mohammad Gul Khulmi bilen Çalik Holding kompaniýasynyň başlygy Ahmet Çalyk özara düşünişmek jarnamasyna gol çekdi diýip, habarda aýdylýar.


Neşiriň owgan ministriniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, bu taslama durmuşa geçirilse, Owganystan bilen Pakistanyň hersi ýylda Türkmenistandan 1,000 megawatt elektrik toguny alar. Munuň üstesine, Owganystan ýylda  üstünden geçiren elektrik togy üçin $100 million girdeji alar.


500 kilowatlyk elektrik geçiriji liniýa Owganystanda 750 km aralyga çekilmeli we onuň gurluşygynyň üç ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса