Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Heläkçilikli awtobus ýangyny bilen baglylykda bäş gazak türmä höküm edildi

0
Gazagystanda ýanwarda bir awtobusyň ot almagy netijesinde 52 özbek raýatynyň heläk bolmagy bilen baglylykda bäş gazagystanly türmä höküm edildi.


Aktobe şäherinde geçirilen sud diňlenişiginde awtobusyň üç sürüjisi seresapsyzlyk bilen adam ölümine sebäp bolmakda we ulagyň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmezlikde günäli tapyldylar. Olaryň her birine bäş ýyl türme tussaglygy berildi.


Awtobusyň eýesi “Aziýa Tranzit Hyzmatlary” kompaniýasynyň iki işgäri bolsa, tehniki taýdan gurat bolmadyk ulagy kommersiýa maksatlary üçin ulanmakda günäli tapyldy. Olaryň her biri 3,5 ýyl koloniýa sürgün edildi.


3-nji sentýabrda başlanan sud diňlenişiginde aýyplanýanlaryň bäşisi hem özleriniň günäkär däldigini aýdypdylar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса