Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

ABŞ Russiýanyň Phenýana garşy girizilen sanksiýalary gowşatmak synanyşygyny böwetledi

0
ABŞ Russiýanyň Demirgazyk Koreýa girizilen BMG-niň sanksiýalaryny gowşatmak synanyşygyny böwetledi.


Russiýa munuň garyplykdan ejir çekýän ýurda gumanitar kömegini ugratmak niýeti bilen edilendigini öňe sürdi. Emma, ABŞ-nyň ilçisi Nikki Haleý Russiýanyň “gumanitar” kömegine duwlanyp, Demirgazyk Koreýanyň bank ulgamyna garşy girizilen gadagançylyklary ýatyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.


Russiýanyň teklibine garamak üçin çagyrylan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda Haleý: “Biz olaryň gün tertibini bilýäris. Biz olaryň iş ýüzünde näme etjek bolýandyklaryna gowy göz ýetirýäris” diýip, “Olar Demirgazyk Koreýadaky gumanitar ýagdaýa alada bildirýändikleri barada juda köp gürleýärler. Emma, hakykat elmydama-da äşgär bolýandyr” diýip, sözüne goşdy.


Hytaý bilen Russiýa Phenýana garşy girizilen gadagançylyklary gowşatmaga çagyrdylar. Şol bir wagtda, Britaniýa we Fransiýa ABŞ-ny goldap, sanksiýalaryň diňe Demirgazyk Koreýanyň özüniň ýadro programmasyny togtatandan soň ýatyrylmalydygyny aýtdylar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса