Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Makron, Merkel Ukrainanyň gündogarynda separatistleriň geçiren saýlawyny tankytladylar

0
Fransiýa we Germaniýa Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň geçiren saýlawlaryny “bikanun” diýip atlandyrdylar.


Kiýew we onuň halkara goldawçylary 11-nji noýabrda separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk we Luhansk regionlarynda geçirilen saýlawlaryň 2014-nji ýylda başlanan konflikti togtatmak ugrundaky tagallalara zarba urýandygyny aýtdylar. Bu konfliktde 10 müň 300 töweregi adam heläk boldy.


Emma, Moskwa Donetskiň we Luhanskyň ýolbaşçylaryny, şeýle-de ýerli kanunçylygyň agzalaryny saýlamak üçin geçirilen saýlawlaryň, gazaplylygy bes etmek maskady bilen baglaşylan Minsk ylalaşygynyň şertlerini bozmaýandygyny öňe sürýär.


Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, sesleriň tas ählisiniň sanalmagy netijesinde Donetskde separatistleriň lideriniň wezipesini ýerine ýetiriji Denis Puşilin sesleriň 61%-i bilen öňde barýar. Luhansdaky separatistleriň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Leonid Paseçnik bolsa, sesleriň 68%-ni almagy başarypdyr. Bellesek, netijeleriň şeýle boljakdygy öňünden çaklanypdy.


“Saýlaw diýlip atlandyrylýan bu zatlar Ukrainanyň territorial bütewiligine we özygtyýarlylygyna şek ýetirýär” diýip, Merkel we Makron ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen geçiren gepleşiklerinden soň, bilelikdäki beýanat bilen çykyş etdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса