Täjigistanda bolan türme gozgalaňynda ‘azyndan 50 tussag öldi’
Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran bir döwlet işgäri 7-nji noýabrda Hojand şäherinde ýüze çykan gozgalaňda öldürildi diýilýän azyndan 50 tussagyň sanawyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görkezdi. Emma, sanawyň suratyny almaga rugsat berilmedi.
Heläk bolan tussaglaryň ýakynlarynyň käbiri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde merhumlaryň ýapyk tabytlarda, polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklarynyň gözegçiliginde jaýlanandyklaryny aýtdylar.
Gozgalaňyň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy.
