Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Eýran “Teňňeleriň soltanyny” dardan asdy

0
Eýran bikanun walýuta söwdasynda günäli tapylan iki adamy jezalandyryp öldürdi.


Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, Tähranyň polisiýasynyň “Teňňeleriň soltany” diýip atlandyran Wahid Mazluimin we onuň şärigi bolmakda güman edilýän Mohammad Ismail Ghasemi dardan asylypdyrlar.


Olar “ýer ýüzünde parahorlygy ornaşdyrmakda” we walýuta manipulýasiýalarynda sentýabrda günäli tapylypdylar.


Eýranyň hökümeti ýurtdaky ykdysady çökgünliginiň netijeleri bilen göreşmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde, maliýe bidüzgünçilikleriniň öňüni almaga synanyşýar.


Awgustda ykdysady jenaýatlar bilen meşgullanjak ýörite sudlar hem esaslandyrylypdy. Muňa ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khamenei hem öz goldawyny bildiripdi.


Şondan bäri, bu sudlarda azyndan ýedi ölüm jezasy kabul edildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса