Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Putin Orsýetiň saudlylar bilen nebit öndürmegi jylawlamak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdýar

0
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, nebitiň bahasynyň gaty arzanlamagyny gowşatmak üçin, Moskwa Saud Arabystany bilen nebit çykarmagy kemeltmek boýuça hyzmatdaşlyk etmäge taýýar diýdi, ýöne özüniň nebit bahalarynyň aşaklamagyndan razydygyny hem sözüne goşdy.


Ýokary derejeli çig nebitiň bahasy oktýabrda barreli $86 bolanlygyndan 15-nji noýabrda arzanlap, $66 derejesine düşdi.


Bu arzanlaşyk esasan Birleşen Ştatlaryň şu aýyň başynda Tähranyň köp uly nebit müşderileri babatynda Eýrana garşy sanksiýalaryny wagtlaýyn togtadýandygyny yglan etmegi bilen düşündirilýär. 


Putin Singapurda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, nebitiň barreliniň $70 bolmagy Moskwa  üçin “ýaramly” diýdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса