Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Täjigistanda welosipedçileri öldürmekde aýyplanýana ömürlik türme tussaglygy soralýar

0
Täjigistanyň baş prokurory iýulda daşary ýurtly dört welosipedçini öldürmekde şübhelenýän esasy aýyplanýana ömürlik türme tussaglygynyň soraljakdygyny aýtdy.


Bu barada Azatlyk Radiosyna 15 aýyplanýanyň üstünden ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýän sud diňlenişigine gatnaşyjylaryň biri maglumat berdi.


Atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme Hüseýin Abdusamadowyň we beýleki aýyplanýanlaryň sudda soňky sözlerini aýdandyklaryny hem mälim etdi.


29-njy iýulda Täjigistanyň günortasynda dört, ýagny ABŞ-ly bir erkek we bir aýal maşgala, bir gollandiýaly we bir şwesiýaly welosipedçi öldürilipdi. Hüjümde beýleki iki welosipedçi aman galmagy başarypdy.


Resmiler hüjümi amala aşyran bäş hüjümçiden diňe biriniň, ýagny Abdusamadowyň diri galandygyny, beýlekileriniň bolsa howpsuzlyk güýçleriniň operasiýasynda öldürilendigini mälim aýtdylar.


Abdusamadowa dokuz madda boýunça aýyplama bildirilýär. Sud edilýänleriň beýlekileri hüjümi gurnamakda oýnan rollary bilen baglylykda aýyplanýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса