Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Interpolyň täze başlygynyň saýlanmagynyň öňüsyrasy oňa garşy basyşlar artýar

0
Halkara polisiýa agentliginiň, ýagny Interpolyň täze ýolbaşçysynyň saýlanmagy ugrundaky ses berilişigiň öňüsyrasy, ABŞ-nyň senatorlary we beýlekiler bu wezipä Russiýanyň Içeri işler ministrligindäki ýokary derejeli bir resmisiniň saýlanmagyna garşy duýduryş berdiler.


Britan mediasynda bu wezipä uly ähtimallyk bilen 56 ýaşly general-maýor Aleksandr Prokopçugyň saýlanmagynyň mümkindigi barada maglumatlar peýda boldy. Mundan öň, Moskwanyň Interpolyň proseduralaryny özüniň syýasy duşmanlaryny yzarlamak üçin ulanýandygy barada aýyplamalar orta atylypdy.


Polisiýa başlyklarynyň 21-nji noýabrda Dubaýda ýygnanyp, agentligiň täze başlygyny saýlamagyna garaşylýar.


Ses berilişigiň öňýany, Ukraina eger-de agentligiň başlyklygyna Prokopçuk saýlansa, onda öz ýurdunyň agzalygyny togtatmak ugrunda tagalla etjekdigine söz berdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса