Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Dagystanda žurnaliste hüjüm etmekde aýyplanýan günäli tapyldy

0
Russiýanyň Dagystan respublikasynda sud žurnaliste hüjüm etmekde we onuň işine päsgelçilik bermekde aýyplanýany günäli tapdy.


Mahaçkalanyň sudy Karim Kasumowy rus dilinde maglumatlary çap edýän Kawkaz Çitimi neşiriniň žurnalisti Patimat Mahmudowa hüjüm etmekde we onuň kamerasyny döwmekde günäli tapyp, ony şertli ýagdaýda 18 aý türme tussaglygyna höküm etdi.


Mahmudowanyň aklawçysy hökümiň has ýeňildigini aýdyp, suduň bu kararyna şikaýat etjekdiklerini belledi.


Bu hadysa 2017-nji ýylyň iýunynda haçanda Mahmudowa rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň gurnan hökümete garşy protestleri barada maglumat taýýarlaýan pursady ýüze çykypdy.


Kasumow özüniň günäsizdigini aýdýar.


Aglaba musulmanlaryň ýaşaýan Demirgazyk Kawkaz sebitinde sosial meseleleri gozgaýan žurnalistlere we aktiwistlere ýygy-ýygydan hüjüm edilip, kä halatlarda olar öldürilýärler. Munuň bilen baglylykdaky derňewler seýrek ýagdaýlarda suda çenli baryp ýetýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса