Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Hazara milisiýa lideriniň tussag edilmegine garşy guralan protest zorluga ýazdy

0
Owgan paýtagtynda şaýy hazara milisiýasynyň komandiriniň tussag edilmegine garşy protest bildirýän ýüzlerçe demonstrasiýaçy polisiýa bilen çaknyşdy.


Habarlarda aýdylmagyna görä, protestçileriň polisiýa ofiserlerini daşlamagy netijesinde, azyndan bir ofiser ýaraly boldy. Ofiserleriň mähelläni dargytmaga synanyp, ýokaryk tüpeň atandyklary habar berilýär. 


Şeýle-de, polisiýanyň birnäçe barlag nokadyna ot berlendigi aýdylýar.


Demonstrasiýa Kabuldaky hazaralaryň köplük bolup ýaşaýan Daşte-Barçi etrabynda, şäheriň howpsuzlyk güýçleri Alipoory tussag edeninden soň başlandy.


Merkezi Owganystanda şaýy milisiýasyna ýolbaşçylyk edýän erkegiň nämede aýyplanandygy bada-bat belli bolmady.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса