Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Owganystanda “Talyban” polisiýa kerwenine hüjüm etdi

0
Owganystanyň günbataryndaky Farah welaýatynda polisiýanyň kerwenine edilen hüjümde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan azyndan 20 adam heläk boldy.


Ýerli resmiler hüjümde polisiýasynyň ýokary derejeli resmileriniň hem ýaralanandygyny mälim etdiler.


Maglumata görä, kerwen Laş wa Juwaýn etrabyna bellenilen täze polisiýa başlygy bilen tanyşmak üçin ýola çykypdyr. Polisiýanyň täze ýolbaşçysy hüjümde öldürildi.


Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.


2014-nji ýylda NATO güýçleriniň aglabasy Owganystany terk edenden soň, ýerli howpsuzlyk güýçleri jeňçilere garşy durmakda kynçylyklary çekýärler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса