Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Günbatar Ukrainanyň arkasyny tutup, deňizçileri azat etmäge çagyrdy

0
Russiýanyň Gara deňizde, Moskwanyň gözegçiligindäki Krym ýarymadasynyň kenarlarynda Ukrainanyň gämilerine ot açyp, 23 deňizçisini hem tussag etmeginiň yzy bilen Günbatar döwletleri Ukrainanyň arkasyny tutup çykyş etdiler.


Günbatar liderleri BMG-de we beýanatlar arkaly Russiýanyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we halkara deňiz ylalaşyklaryny bozmagyny ýazgardylar; şeýle-de Moskwany tussag edilen deňizçileri dessine azatlyga goýbermäge çagyrdylar.


25-nji noýabrda Russiýanyň 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynyň kenarlarynda rus serhetçileri ukrain gämilerine ot açypdylar. Mundan soň, rus ýörite güýçleri ukrain gämilerine kürsäp girdiler. Hadysada alty ukrainaly ýaralandy.


Ukraina ýokarky hereketleri Russiýanyň “aggressiýasy” atlandyryp, özüniň 27 regionynyň 10-sunda, şol sanda Russiýa bilen serhetleşýän sebitlerinde harby ýagdaýy girizdi.


Moskwa gämileriň öz territoriýasyna bikanun girendigini öňe sürýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса