Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

ÝB Owganystana $500 million hemaýat berjekdigini yglan etdi

0
Ýewropa Bileleşigi Owganystan üçin 474 miliion ýewrolyk ($535 million) maliýe hemaýatyny berjekdigini yglan etdi. Bu barada BMG-niň howandarlygyndaky Owganystandaky ösüş, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine gönükdirilen halkara donorlarynyň konferensiýasynda mälim edildi.


Onlarça ýurduň diplomatlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu çärede owgan prezidenti Aşraf Ghani çykyş edip, ýurda sermaýa ýatyrylmagyny sorady.


Maslahatda  donorlaryň 2016-njy ýyldaky konferensiýasyndan bäri owgan hökümetiniň bölünip berlen milliardlarça dollary bilim, saglyk, infrastuktura pudaklarynda nähili ulanandygy hem seljerilýär.


Ýewropa Komissiýasy täze maliýe serişdeleriniň Owganystanyň jemgyýetçilik, saglyk, adalat we migrasiýa pudaklaryna goýberiljekdigini mälim etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса